JAÝDAR JOGAPLAR

WAS-WASLYK
Merhum Nail Papatýa hojadan bir ýatlama:
Soňky gezek kesellämde içimde was-waslyk döredi. Içimdäki ses (nebis), ine, şeýle diýýärdi: “Alla bu keseli näme üçin hut saňa berdi? Töweregiňe seret, munça adam sag-salamat gezip ýörkä, bu kesel indi, gel-gel, seni tapaýmalymy?”
Ondan:
– Halypa, ol sese siz näme jogap gaýtardyňyz? – diýip soradylar.
Nail hoja şeýle jogap berýär:
– Eý, nebsim, diýdim. Bu was-wasly sözleriňi men aman-sag gezip ýörkäm näme üçin aýtmadyň, şonda aýdan bolsaň bolmaýadymy, ol döwürler niredediň?


HAÇAN UGRAÝAŇ?
Adamlaryň kellesini bulaşdyrmagy özüne ýörite pişe edinen kişiler polýuslarda nadip namaz okamaly diýen soragyň üstünde köp durýarlar. Şolardan biri merhum Nail Papatýa hojanyň ýanyna gelip:
– Hojam, polýuslarda nädip namaz okamaly? – diýip soraýar.
Bu soraga ýylgyran Nail hoja şeýle jogap berýär:
– O-how, haçan gidýäň? Bu temany, mümkin bolsa, şol ýere gitmek üçin wiza alan pilläň gürleşeli, bolarmy?


AHLAGY BOZAR
Mehmet Emre hojadan, telewizorda käbir kanallaryň görkezýän wejeralyklaryny göz öňünde tutup: “Hojam, telewizora tomaşa etmek täreti bozarmy ?” diýip soraýarlar. Hoja bu soraga şeýle jogap berýär:
– Täreti bozmasa bozmaz weli, ahlagy bozjagy ikuçsyz!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s