IŇŇÄN MÖHÜM ZAT

Saint Meri mekdebinde üçünji synplara sapak berýärdim. Otuz dört sany okuwçym bardy, hemmesinem diýseň gowy görýärdim. Ýöne olaryň arasyndan Mark Eklund atly okuwçy maňa hasam yssy görünýärdi. Ol örän zehinlidi, adamlara özüni aldyrmagam başarýardy. Dogry, onuňam garagollyk edýän ýerleri bolýardy, ýöne her näme-de bolsa, Mark Eklund beýleki okuwçylardan tapawutlydy.


Markyň iň esasy kemçiligi agzyna jaň kakylan ýaly dynuwsyz gürlemegidi. Synpda geplemän oturan gezegi bolandyr öýdemok. Ýogsa, näçe gezek duýdurdymam. Nijeme gezek:«Sapak gidip durka menden birugsat gürleseň, gaty görme Mark!» diýip gatyrgandymam. Bary biderek…


Haçanda nähilidir bir garagollyk edendigi ýa-da gepländigi üçin oňa gatyrgananymda, Markyň berýän jogaplary meni haýran galdyrardy:«Meniň bir kemçiligimi özüme görkezeniňiz üçin size örän minnetdar, mugallym!»


Bu jogaby onuň agzyndan ilkinji gezek haçan eşidenim anyk ýadyma düşenok. Ýöne soň-soňlar ýygy-ýygydan eşidip başlandygymy welin, oňat bilýärin.


Bir gün irden Markyň ýene ýaňralygy tutdy. Dynman gürleýärdi, gepläp oturyşyna, ýoldaşlaryna bir zatlar düşündirmäge çalyşýardy. Üstesine-de o bolşuny menden gizlejek bolup jan edýärdi. Ahyry çydap bilmän, mugallyma gelişmejek zat etdim: gaty sesim bilen oňa gygyrdym: «Mark! Ýene bir gezek agzyňy açaýsaň, ýene birje söz diýäýseň, agzyňy ýelimli lenta bilen ýelimläp goýjak, aýtmady diýme!»


Şondan on sekundam geçen däldir, Çuk atly okuwçym: «Mugallym, Mark ýene gepledi!» diýip, maňa seslendi.


Temmi berjekdigimi hemmeleriň öňünde aýdandygym üçin başga alajym ýokdy. Stolumda duran ýelim-lentany alyp, Markyň oturan ýerine bardym. Ondan iki parça bölüp aldym-da, üsti-üstüne atanaklaýyn goýup, Markyň agzyna ýelmedim.


Okuwçylar tutuş synp bolup hahahaýlap gülýärdi. Mark bolsa, sesini çykarman otyrdy. Uzak saklanyp bilmän, baryp Markyň agzyndaky ýelim-lentany aýyrdym. Onuň agzyndan çykan birinji söz şu boldy: «Meniň bir ýalňyşymy özüme görkezeniňiz üçin hem-de tüýs etmişime laýyk temmi bereniňiz üçin size örän minnetdar, mugallym!»


Ondan bäri ençeme ýyl geçdi. Bir gün mekdebiň administrasiýasy maňa dokuzynjy synpy okatmalydygymy mälim etdi. Men şol synpda Markyň bardygyny bilýärdim. Ulalan eken, ýöne onuň henizem öňki sypaýylygy, öňki özüneçekiji ýumşaklygy.


Dokuzynjy synpda geçilýän sapaklar birneme agyr bolansoň, Mark, indi, edil öňküleri ýaly, men sapak düşündirip durkam kän geplemeýärdi, üns berip sapak diňleýärdi.


Hepdäniň anna güni synpda bir bolma:syz iş bolanyny aňdym. Hepdäniň başyndan bäri täze, örän agyr temany işleýändigim üçin, sapaklarda, sapak aralarynda okuwçylar bilen kelam agyz mesaýy gürrüň etmäge pursat bolmandy. Olaryň arasynda näme bolup geçenini bilesim geldi. Her kim bir-birine duşman kimin seredýärdi. Biz zat diýmeseň, bir-birine topulaýjak ýalydylar. Olaryň arasy hasam ýaramazlaşmaz ýaly, haýal etmän bir çäre görmelidim.


Okuwçylara bir ýazuw kagyzy çykardyp, onuň ýüzüne ýekän-ýekän öz synp ýoldaşlarynyň atlaryny ýazmaklaryny we her adyň yzyndaky iki setiri boş goýup, ady ýazylgy kişiniň häsiýetleriniň iň oňadyndan iki sanysyny ýazmaklaryny buýurdym.
Ýazyp başlanlaryndan soň birki gezek dagy sapak gutarmanka bu synp işini hökman tabşyrmalydyklaryny duýdurmaly boldum. Käbirleri gülüp ugrady. Mark bolsa hemişeki sözlerini gaýtalaýardy: «Bize oňat zatlar öwredýändigiňiz üçin size minnetdar mugallym!»


Jaň kakylan wagty okuwçylaryň hemmesi ýazyp gutarypdy. Synpdan çykyp barýarkalar kagyzlaryny ýekän-ýekän stolumyň üstüne goýup geçdiler.
Şenbe güni öýde okuwçylaryň hersi üçin aýry kagyz alyp, başyna olaryň atlaryny ýazdym. Soňra-da synpdaşlarynyň ýazanlaryny olaryň hersiniň öz degişli kagyzynda jemledim. Duşenbe güni synpa gelenlerinde-de, kagyzlaryny özlerine paýlap berdim.


Synpda baýramçylyk günlerindäki ýaly hemmeleriň ýüzi gülýärdi. Birisi: «Başgalar üçin edil bular ýaly gereklidirin öýdüp kelläme-de gelenokdy!» diýse, ýene biri: «Men barada kimdir biri edil beýle pikir edýändir öýtmändim!» diýip, özüniň juda geň galandygyny aňladýardy.


Birneme wagt geçensoň ol kagyzlar ýatdan çykyşdy. Synpdaky dartgynly howa-da şondan soň hiç haçan ýüz bermedi. Şeýlelikde, okuwçylara tabşyran ýumşum öz miwesini berdi. Synpdakylar ýagdaýdan diýseň hoşaldy, mundan öň biri-birlerini edil bular ýaly gowy görmändiler.
Ondan bäri köp ýyl geçdi. Ol okuwçylar birmahal uçurym bolup gitdiler.
Günlerde bir gün şol işlän şäherime saý-sebäp bilen baryp gaýtmaly boldum. Uçara bilet alypdym. Howa menzilinde meni ejem bilen kakam garşylady. Olar şol şäherde ýaşaýardylar. Ýolda ejem bilen ondan-mundan gürrüň edip gelýäris welin, kakamdan hiç ses çykanok.
– Kaka, näme boldy? – diýip soradym.
Kakam möhüm bir zat aýtjak bolanda edişi ýaly, bogazyny arçady-da:
– Düýn agşam Markyň ejesi bilen kakasy jaň etdi – diýdi.
– Mark näme iş edýän eken? – diýip soradym, dessine.
– Mark ýurduny täzeläpdir… Ertirki boljak jynaza ýöriteläp senem çagyrdylar…

Ertesi gün jynazada Markyň köne ýoldaşlarynyň hemmesi bardy, esasanam, şol dokuzynjy synpyň okuwçylarynyň ählijesi gelen eken. Markyň tabytynyň ýanyna baramda yz ýanymda duran ýaş ýigit maňa seslendi:
– Ýalňyşmasam, siz Markyň matematika mugallymy bolmaly!
– Hawa.
– Mark siz hakda kän gürrüň ederdi.
Jynaza dabarasyndan soň öňki okuwçylarym meni günortanlyk naharyna çagyrdylar. Ol ýerde Markyň ejesi bilen kakasam bardy. Otyrkak Markyň kakasy jübüsinden gaýyş gapjygyny çykardy:
– Size bir zat görkezesim gelýär. Şu kagyz Mark ölende onuň ýanyndan çykypdyr – diýdi.


Onuň maňa uzadan kagyzy şol bir mahalky okuwçylara beren kagyzymdy. Halys sary giden kagyzda synp ýoldaşlarynyň Markyň oňat häsiýetleri hakdaky ýazanlary bardy.
Markyň ejesi gözüniň ýaşyny sylyp durka:
– Mark üçin munuň ähmiýeti gaty uludy – diýdi. Şol wagt Çarli ýylgyrjaklap ýanyma geldi-de:
– Meniň kagyzymam gapjygymda dur – diýdi.
Ondan soň Çak, soňra beýlekiler biri-birin öz kagyzlaryny şondan bäri saklap ýörendiklerini aýtdylar. Kimsi ýatlama gutusynda, kimsi gündeliginiň arasynda, kimsi-de çekeriň gözünde şol kagyzy saklap galan eken.


Birden aňyrdan dyňzap gelen sili saklap bilmedim, sojap-sojap agladym. Hem Marka gynanyp agladym, hem indi ony öz aralarynda görüp bilmejek ýoldaşlaryna gynanyp agladym… Hem aglaýardym, hem-de gowy görýän kişilerimize olary nähili gowy görýändigimizi aýny wagtynda aýtmagyň nähili möhümdigini aňymda aýlaýardym.


Daş-töweregimizdäki adamlaryň sany juda köp, olar ahyry bir gün öljekdiklerini ýatdan çykarýarlar. Haýyş edýän, hatda size ýalbarýaryn, söýýän kişileriňize olary nähili gowy görýändigiňizi hem-de olaryň siziň üçin nähili ähmiýetlidigini tüýs wagtynda aýdyň! Sebäbi olar üçin bu juda möhüm bolup biler. Gijä galman aýdyň!
(Helen P. Mrosia)

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s