JAÝDAR JOGAPLAR 15

ANKARANYŇ HALAÝMALY TARAPY
Türk şahyry Ýahýa Kemaldan ýurduň paýtagty bolan Ankara şäheriniň haýsy tarapyny halaýandygyny sorapdyrlar. Onuň bu soraga beren jogaby şeýle bolýar:
– Stanbula gaýdylýan tarapyny!*
*Şahyr Ýahýa Kemal taryhda birnäçe medeniýetiň ojagy bolan Stanbuly diýseň gowy görüpdir.

AŞHANANYŇ KIÇILIGINIŇ SEBÄBI
Fransiýanyň koroly Lui V öz garyndaşlaryndan biriniň öýüne myhman bolupdyr. Onuň öýi örän uly bolup, aşhanasy kiçijik eken. Korol öý eýesinden munuň sebäbini soranda, öý eýesi şeýle jogap beripdir:
– Öýümi ulaldan zat, aşhanamyň kiçiligidir!

IÇIMIZDÄKI HORAZ
Bir oglanjyk kakasyna ýüzlenip:
– Kaka, kaka! Säher wagty gygyryp meni namaza turuzar ýaly, bir horaz alyp beräý-da! – diýipdir.
Kakasy bolsa:
– Jan ogul! Seni öz içiňdäki horaz gygyryp turuzmasa, daşardaky horaz neýlesin!

NÄ WAGTA ÇENLI?
Bir adam hezreti Alynyň (r.a) ýanyna gelip, ondan:
– Meniň günäm köp, näme iş etsemkäm? – diýip sorapdyr.
– Toba et!
– Tobadan soň ýene edýän, asyl hiç goýup bilemok.
– Ýene toba et, günänem etmejek bolup jan et!
– Bu göreş nä wagt çenli dowam etmeli, beýle?
– Tä şeýtany ýeňip, gaýdyp günä etmez ýaly bolynçaň.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s