Kakam örän ajaýyp adamdy. Ony gowy görşüm ýaly hiç kimem gowy gören däldirin. Durky bilen maşgalasyna berlen, diýseň aladaçyl, biziň üçin tüýs gahryman adamdy.
Hepdäniň dynç alyş günlerini bizden aýry geçiren gezegi ýokdur. Bileje oturyp gürrüň ederdik, nahar iýerdik, kofe içerdik. Kofelerimizi içip otyrkak, bir ýandanam gazetlerdäki çapraztapmaçalary çözerdik.
Men otuz ýaşadym. Kakam aramyzdan aýryldy. Ony ahyrete ugradanymyzdan ençe ýyl geçensoň, döwletiň poçta edarasy bir gezek Kakalar Güni mynasybetli ýörite marka çykartdy. Markanyň ýüzünde çapraztapmaçanyň, äýnegiň hem bir çaşka köfäniň suraty bardy. Bu markanyň ýüzündäkiler kakam bilen geçiren dynç alyş günlerimizi ýada salyp durdy. Olardan birini satyn aldym-da gapjygyma salyp goýdum.

Durmuş eglenmän geçip dur. Bir gün işe barýarkam gapjygym ogurlandy. Gapjygymy parklaryň birinde bir agajyň aşagyndan tapdym. Içindäki pullaryň hemmesi alnypdyr. Ogurlygy polisiýa habar berdim. Ogryny şol günüň özünde tutdular. Şeýdibem pulumy yzyna gaýdyp aldym.
Şondan soň iki hepde çemesi wagt geçendir. Gapjygymy tapan parkymda aýlanyp ýördüm. Ýolda ýatan bir kagyza gözüm ilişdi. Deňinden geçip gitdim. Ýöne kalbymyň töründen gelýän bir ses maňa şol kagyzy hökman al diýýärdi. Ol sese garşy gidip bilmedim. Yzyma gaýdyp, şojagaz kagyzy ýerden galdyrdym. Ol, näçe ýyl bäri gapjygymda göterip ýören, Kakalar Güni mynasybetli satyn alan şol markamdy.
Durup pikir etmäge başladym. Gapjygymyň ogurlananyna iki hepde bolupdy. Diýmek, bu marka iki hepde bäri şu parkyň içinde ondan-oňa gaýyp ýördi. Biri ony palçykly aýagy bilen basyp bilerdi. Basmandyr. Marka ýygnamagy pişe edineniň biri ony menden öň görüp ýygnap bilerdi, emma görmändir. Ýagyş ýagan bolsa, öl bolup erärdi, ýöne ýagyş ýagmandy, marka-da öl bolmandyr. Bu markanyň iki hepdeden soň, şonça zat bolup biljekkä, hiç zat bolman, abatja hut meniň öz öňümden çykmagy tötänden boljak zat däl. Şonda kakamyň ruhunyň meni synlap durandygyny pikir edip, aglamaga başladym.
