DAGLARYŇ HEKAÝATY


Ataly-ogul dagda gezelenç edip ýördi. Birdenkä oglanjyk daşa büdräp ýykyldy. Aýagynyň agyrysyna çydap bilmän gygyryp goýberdi:
– Ah-h!
Sesine bada-bat daglardan jogap geldi:
“– Ah-h!”
Oglanjyk geňirgenip töweregine garanjaklady. Kimdir biri üstünden güljek bolýandyr öýtdi:
– Kim-eý sen? – diýip gygyrdy.
Daglardan ýene ses geldi:
“– Kim-eý sen?”
Oglanjyk bu jogaba öz ýanyndan gaharlandy:
– Gorkak! Orta çyksan-a sen!
Jogaba uzak garaşyp durmaly bolmady:
“– Gorkak! Orta çyksan-a sen!”
Oglanjyk barha çişip ugrady:
– Geplemeý indi! Bese-et!
Ses gaýdyp geldi:
“– Geplemeý indi! Bes-et!”
Oglanjyk näme etjegini bilmän kakasynyň ýüzüne garady, çalarak gorkjagam bolupdy. Ondan:
– Näme bolýar-aý kaka? – diýip sorady.
Kakasy ýylgyrdy-da, “Seret, şuňa…” diýip, daglara bakan gygyryp goýberdi:
– Men saňa haýran!
Onuň sesi daglardan gaýdyp geldi:
“– Men saňa haýran!”
Ol adam ýene gygyrdy:
– Sen örän owadan!
Ses yzyna dolanyp geldi:
“– Sen örän owadan!”
Oglanjyk barha gözlerini tegeleýärdi, henizem näme bolýanyna akyl ýetirip bilenokdy.
Kakasy oglunyň egnine elini goýdy-da munuň sebäbini düşündirdi:
– Oglum adamlar muňa ÝAŇ diýýärler. Daga näme diýip ýüzlenseň, şony saňa gaýtaryp berer. Hoşamaý söz aýtsaň, olam saňa hoşamaý söz gaýtaryp berer. Erbet sözler aýtsaň, senem erbet sözler eşidersiň.
Hawa, adamlar muňa ýaň diýýärler welin, bu aslynda durmuşyňam kanuny. Oglum, bu durmuş, ýagşy-ýaman eden işleriň hökman bir gün özüňe dolanyp gelýän ýeridir. Ýagşylyk göresiň gelýän bolsa, senem ýagşylyk et. Ýamanlyk göresiň gelmeýän bolsa, özüňem ýamanlyk etme, şonda saňa-da ýamanlyk gelmez.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s