GÖWNÜM
Göwnüm ömrüm sakasy sen
Hyŷalyň älemde şadyr.
Men garybyň ŷekesi sen,
Ŷekäniň ŷary Hudadyr.
Turgul daňdanyň agynda,
Erenleň ören çagynda,
Perhadyň gazan dagynda,
Aşyk-magşukdan jydadyr.
Pelegiň ŷokdur pişesi,
Kalbyňy gyrçar teşesi,
Basar ŷatar endişesi,
Seriňde ŷüz müň söwdadyr.
Karar tapmaz sen ornuňdan,
İkli gan getir burnuňdan,
Ganymyň döräp garnyndan,
Ah, ertir üstüňe şadyr.
Ŷagşy umyt ŷodalarym,
Belki ertir idelerin,
Nazar diken didelerim,
Haŷyr ŷolunda gedadyr.
ŞÄHRIBOSSAN GELDIMÄMMEDOW
HAMALA ÇAGALYK GEÇMEJEK
Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyn kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy mana,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.
Ol seýle kenardy, –
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Anyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.
Ol şeýle bir uzak,
şeýle çun eken,
Ol şeýle bir beýik,
şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.
Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýenil, agyr soraglaň baryn —
…Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.
GURBANNAZAR