SÜÝT EMDIREN ENE

Gadym döwürlerde Hytaýda Hou atly zalym hökümdar ýaşapdyr. Hökümdaryň ýanynda öz degişmeleri bilen ony güýmeýan Tuňfaň atly wäşisi bar eken. Tuňfaň akylly adam bolupdyr. Ol hökümdaryň örän zalym adamdygyny görýärdi, emma onuň keýpiniň çag wagty hiç kime azar bermeýändigine-de köp gezekler şaýat bolupdy, şonuň üçin öz edýän wäşilik işiniň – hökümdaryň göwnüni götermekligiň nähili ähmiýetlidigine örän oňat düşünýärdi.

Bir gün şol zalym hökümdar köşkde ýaşap ýören süýt enesini bolgusyz bir bahana bilen ölüm jezasyna höküm edýär. Garry görgüli Tuňfaňyň gapysyny kakyp, ýardam sorap ýalbarýar.

Tuňfaň:

– Özüň bilýäň-ä, ene jan, hökümdar doň ýürek, zalym adam. Eger bu höküm barada ýekeje adam onuň ýanynda dil ýaraýsa, öz eli bilen öz boýnundan syrtmak saldygy bolar. Şonuň üçin, iň gowusy sen, asmak üçin alyp barýarkalar maňa naýynjar gözler bilen gara. Belkem, men şol pursat bir çäresini taparyn – diýýär.

Süýt ene aýdylany edip, özüni asmak üçin köşgüň eýwanyndan alyp barýarkalar, naýynjar görnüşde Tuňfaňa bakýar. Nobatçy nökerler garrynyň haýyn-waýyna garaman südenekledip barýardylar. Edil şol pursat Tuňfaňyň sesi ýaňlanyp gidýär:

– Bar, gidiber, garry ene! Näme üçin maňa beýdip naýynjar garaýaň? Hökümdarymyz, öz göwsünden süýt emdiren enesidigiňi ýatlardan has uly dälmi näme?!

Muny eşiden hökümdar öz eden ýalňyşyna düşünipdir-de süýt enesini bagyşlapdyr.

(Hytaý halk hekaýaty)

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s