GOJA HEM ONUŇ ATY

Gadym döwürlerde Hytaýyň obalarynyň birinde pukara bir goja ýaşapdyr. Oňa ýurduň hökümdarynyňam gözi gidýän eken. Sebäbi, onuň şeýle bir owadan, şeýle bir ýyndam ak aty bar eken, hökümdaryň teblehanasynda-da şoňa meňzeş at ýok eken. Atlary örän gowy görýän hökümdar şol ak aty almak üçin goja atyň agramyna barabar pul hödürläpdir, emma goja öz atyny satmakdan kes-kelläm boýun gaçyrypdyr. Ol:

“Men muny ýöne bir at hökmünde göremok, ol meniň iň ýakyn dostum. Heýem bir dostuňy satyp bolarmy?” – diýipdir.

Ýöne, bolýan zatlara bir serediň-ä, ýaňky goja bir gün ir bilen teblehana barsa, at daňylgy duran ýerinde ýok diýýär. Muny eşiden oba adamlary şobada garrynyň daşyna üýşüpdirler:

– Ol aty saňa goýmajaklary görnüp durdy ahyry. Hökümdara satan bolaňda, bireýýäm depseň yranmaz baý bolardyň. Ömrüň ahyryna çenli bal iýip, ýag ýalap gezerdiň. Ana indi atsyzam galdyň, pulsuzam…

Şonda goja obadaşlaryna ýüzlenip:

– Siz entek anyk netijä gelmek üçin howlukmaň – diýipdir. – Siz diňe “At ýitipdir” diýip aýdyň. Sebäbi, görşüňiz ýaly, häzirki ýagdaýda biz diňe şony bilýäris. Bu ýerde artykmaç gürrüň gerek däl. Hany entek bir garaşyp göreliň,  munuň ahyrynyň nähili gutarjagyny kim bilýär?

Şondan birki hepde geçenden soň gojanyň aty duýdansyz yzyna dolanyp geläýipdir. Özem yzyna on iki sany gylýaly tirkäp gelipdir.

Obanyň adamlary ýene gojanyň daşyna üýşüp:

– Päh-eý, asyl sen garry dogry aýdan ekeniň, ýekeje atyň bilen, ana, giden ýylky sürüsine eýe bolduň oturyberdiň. Gör, nähili uly bagt! – diýipdirler.

Goja bolsa:

– Siz dessine bir netijä gelip oturyberýäňiz. Häzirlikçe diňe at yzyna gaýdyp gelipdir diýiň. Sebäbi, diňe şol anyk belli. Ondan gaýrysy entek bize näbelli ahyry.

Şondan soň bir hepde geçip geçmän, gojanyň ogly ýylkylara baş öwretjek bolup ýörkä atdan ýykylyp aýagyny döwdürýär.

Obadaşlary ýene ylgaşlap gelip:

– Bäh, garry, sen bu gezegem mamla çykdyň-ow! –  diýipdirler. – Ana, ýeke dikraryň aýagyny döwdürdi, ol indi esli wagtlap ýöräp bilmän gezer, hatda maýyp galmasada biri. Birhili, seň işiň şowlap gidiberenok-la.

Ol garry bolsa ýene:

– Juda bir alňasabermäň – diýipdir. – Oglum aýagyny döwdürdi. Biziň bar bilýän zadymyz şo… Beýleki zatlar siziň öz tapýan gürrüňiňiz ahyry. 

Birnäçe hepde geçenden soň Hytaý ýurdunyň üstüne duşman çozýär, obada eli ýarag tutan adam bar bolsa, baryny ýygnap söweşe alyp gidýärler. Gojanyň ogluny bolsa, aýagy döwük diýip goşuna almandyrlar. Oba ýas ýerine dönüpdir. Adamlar gazaply söweşiň boljagyny bilýär ekenler. Söweşe äkidilenleriň birenteginiň ölüp, ýene birenteginiň bolsa ýesir düşjegi belli zatdy.

Obadaşlary goja garap:

– Ýene seň aýdanyň boldy. Dogry, ogluň aýagy döwüldi, ýöne her niçigem bolsa, ol seniň ýanyňda. Biziňkileriň bolsa oba gaýdyp geljeklerem gümana – diýipdirler.    

– Mundan soň näme boljagyny hiç kim bilmez. Häzirlikçe bar bilýänimiz şu: meniň oglum öz ýanymda, siziňkiler bolsa goşunda. Ýöne nähili bolanynda gowy boljagyny diňe Ýaradanyň özi bilýär.

…Dana Lao Tzu bu hekaýaty diýseň gowy görýän eken, şägirtlerine muny gürrüň berip, yzyndanam hemişe şeýle diýer eken:

“Durmuşa onuň ýeke pursatjygyna garap, baha beriji bolaýmaň!”

(Hytaý halk hekaýaty)

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s