ÝATDAN ÇYKMAJAK JOGAPLAR
Imam Agzam Ebu Hanife öz döwründe, akylyň görkezen ýolundan barýandyklary bilen öwünýän müňkürlere we olaryň şol döwre görä jogap tapyp bolmajak ýaly görünýän soraglaryna ýatdan çykmajak jogaplar beripdir.
Ondan:
– Alla haýsy ýylda doguldy? – diýip sorapdyrlar.
– Kuranda “lemýelid welemýuled” diýilýär, ýagny Ol ne-hä doguldy, ne-de dogruldy, Ol öz-özünden bardyr.
– Bolýar, onda haýsy senede bar boldy?
– Ol “wagt” diýlen möwritden öň bardy, Onuň barlygyna hiç bir zat sebäp bolmady.
– Aýdýan zadyňy mysalyň üsti bilen düşündirsene.
– Üçden öňürti iki bar. Ikiden öňürti bir. Birden öňürti… Hiç san ýok. (Nol san däldir). Sanlardaky birden öňürti hiç bir sanyň bolmaýşy ýaly, hakyky manyda BIR, ýagny TÄK bolan Alladan öňürtem Onu ýaratjak hiç bir zat ýokdy.
– Alla haýsy tarapa bakýar?
– Garaňky ýerde bir çyra bar bolsa, ol nirä bakar? Hemme tarapa bakar, şeýle dälmi? Ýeriň we gökleriň nury bolan Alla-da şolar ýaly, ähli tarapa…
– Bolýar onda, näme üçin jennete girmegiň belli bir başlangyjy bar-da onuň soňy ýok, jennet nädip ebedi bolýar? Her başlangyjyň bir soňy bolmaly dälmi?
– Käbir zatda bolmanam biler, meselem, sanlaryňam başlangyjy bardyr welin, olaryň soňy ýokdur…
***
O TAÝDA KIM BARDY?
Samuel Smiles gürrüň berýär:
Ýeke özi baga girip aýlanyp ýören bir ýaş ýigitden, näme üçin hiç kim ýogam welin, bagdan bäş-üç sany armyt toplap jübüsine salmaýandygy soralanda, ýagşy terbiýäniň tüýs özeni bolan şeýle sözler bilen olara jogap berýär:
– O nähili hiç kim ýok? Men nä, bu taýda dälmi? Men özümiň olar ýaly masgaraçylyk edenimi göresim gelenok.
***
OWNUK ZAT
Bir meselede jedel diýseň gyzyşypdy. Oturanlaryň biri ýazyjy Monteskýä şeýle diýýär:
– Eger bu meselede siziňki ýalňyş däl bolsa, men kellämem bererin.
Monteskýe şonda gülüp:
– O diýýäniňem bolýar, – diýýär. – Dostlaryň arasynda käwagt kiçijik zadyňam bahasy bolup bilýär ahyry.