Aýlygyň bereketi

Ortaça iş haky bilen ýaşap ýören bir adam bardy. Onuň alýan aýlygy ganymadrak hem bolsa, maşgalasy ýeter-yetmezräk ýaşaýardy. Her aýda ýedi altyn aýlyk alýan adam nädibem bolsa bir ýol bilen gazanjyny artdyrmagyň kül-külüne düşýär. Şeýdip, ol iş hakyny her aýda sekiz, soňra dokuz, ahyrynda-da eýdip-beýdip, on altyna ýetirmegi başarýar. Emma peýdasy bolmaýar. Gazanjy her näçe artsa-da, gün-güzerany gowulanmagynyň ýerine gitdigiçe peselýär. Çykgynsyz güne düşen adam şol töwerekde ýaşaýan akyldardan maslahat soramagy ýüregine düwýär. Onuň ýanyna baryp, çekine-çekine derdini aýdýar.
Akyldar ony diňländen soň, şeýle maslahat berýär:
– Häzir on altyn alýan bolsaň, indiki gezek dokuz al. Günüň gowulaşmasa, hakyňy hasam azalt!
Bu maslahat ýaňky kişiniň maňzyna batmaýar. Emma öz ýanyndan «Her näme-de bolsa bilmän diýýän däldir» diýip, akyldaryň aýdany bilen bolýar. Ol iş hakyny ilki dokuz, soňra sekiz altyna getirýär. Netijesini görmänsoň, gazanjyny ahyrynda alty altyna çenli azaldýar. Bir görse, şol aýdaky gazanjy öňkülerden azlygyna garamazdan, güzeranyny dolamaga artykmajy bilen ýetýär. Ol haýran galyp, akyldaryň ýanyna barýar-da bolan zady gürrüň berýär. Yzyndanam munuň sebäbini soraýar:
– Atam, o nähili bolýar-da on altyn ýetmeýän halyna alty altyn bilen bol-telki ýaşap bilýärin?
Akyldaryň beren jogaby onuň ýüregine jüňk bolýar:
– Oglum! Seniň edýän işiň nyrhy alty altyndy. Daban azabyňdan artykmaç alýan aýlygyň hümmeti ýokdur. Häzir bolsa halal gazanjyňdan bereket tapýarsyň.

Taýynlan:Merýem Annageldiýewa

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s