Satyn alnan bir sagatlyk wagt


Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de:
– Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän:
– Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi.
– Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan.
Oglanjyk biraz oýurganyp durandan soň:
– Kaka jan. Onda maňa on dollar karz beräý-dä – diýip, ýadaw kakasyndan pul sorady.
Muňa kakasynyň hasam gahary gelip:
– Bor-bolgusyz oýunlaryňa berer ýaly, mende üýşüp ýatan pul ýok! Hany derrew otagyňa git, gapynam ýap! — diýdi.
Ogly sesini çykarman otagyna gidip gapysyny ýapandan soňam kakasynyň hüňürdisi ýatmady:
– Şu zamanaň çagalaryna düşüner ýaly däl. Çaga nädip beýle zada het edip bilýärkä?!
Bir sagat töweregi wagt geçenden soň kakasy az-kem köşeşipdi. Puluň näme üçin gerekdiginem soramandygy hakda oýlandy. Oglunyň otagyna baryp, krowatynda uzanyp ýatan oglundan uklap-uklamandygyny sorady. Ogly:
– Uklamadym – diýdi. Kakasy oglundan ötünç sorady:
– Saňa gatyrak käýäýdim öýdýän oglum. Meni bagyşla! Bu gün biraz agyrrak işledim, ýadapdyryn – diýip, elindäki puly uzatdy. – Al oglum, on dollaryňy!
Muny eşiden oglanjyk tarsa ýerinden turdy-da, kakasyna sagbolsun aýtdy:
– Sag bol, kaka jan!
Şondan soň ol ýassygynyň astyndan eplem-eplem ownuk pullaryny çykardy. Elindäkisini hem üstüne goşup, pullaryny sanamaga durdy. Oglunyň bu hereketini gören kakasy ýene-de gaharlanjak boldy:
– Puluň barka, näme üçin ýene pul soraýaň?! Seniň biderek oýunlaryňa berere pulum ýok diýip ýaňy aýtdym-a saňa!
Çaga kakasynyň käýemesine üns bermedi. Ol:
– Ýöne meniň pulum ýeterlik däldi-dä! Indi jemläp bildim – diýdi-de, elindäki pullaryny kakasyna uzatdy:
– Kaka, ine saňa ýigrimi dollar! Indi meniň bilen oýnamaga bir sagadyňy aýryp bilýäňmi?
Taýýarlan: Merýem Annageldiýewa

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s