Sagat agşam dokuz bolup barýarka lukman Wan Eýkiň telefony jyňňyrdady. Telefonyň trubkasyny galdyran lukman, aňyrdan bir adamyň howsalaly sesini eşitdi:
– Men, Glens Fals hassahanasynyň işgäri lukman Haýdon. Ýaňy hassahanamyza beýnisine ok çümen bir ýigdekçe getirildi. Şu wagt erbet gan gidip ýatyr, ýürek urşam haýallap barýar.
Lukman Wan Eýk biraz oýurganyp durandan soň:
– Glens Fals bilen biziň aramyz ýüz kilometr dagy bar – diýdi. – Çagyrara başga lukman ýokmuka?
– Bu şäherde adamyň beýnisini operasiýa edip bilýän ýekeje hirurg bar, olam rugsatda bolansoň, şuwagt tapyp bilemzok. Sizi çagyrmagymyň sebäbi bolsa, gelen ýaralynyňam edil özüňiz ýaly Albanyly bolmagy. Ady Artur Kunniňham. Bu ýerik garyndaşynyňka myhmançylyga gelen eken. Sapança oýnap otyrka, duýdansyz atylypdyr-da kellesinden degipdir.
Alaçsyz galan lukman Wan Eýk:
– Ýeri bolýar, baraýaryn. Ýöne Glen Falsa gijäň ýäryndan bärde baryp bilmerin – diýip, aranyň daşlygyny ýene-de bir gezek ýatlatmaly bolýar.
Wan Eýk telefonyny goýmaga hyýallananda lukman Haýdon:
– Ýigidiň maşgalasy barjamly maşgala däldir. Hakyňyz töläp bilerler-ä öýdemok – diýmegi hem ýatdan çykarmady.
Lukman Wan Eýk çalarak:
– Zyýany ýok – diýdi-de trubkany goýdy.
Birsalymdan Albanydan çykan lukman, hususy maşynynda Glens Falsa tarap haýdap barýarka, ýoluň ortarasynda ýanyp duran gyzyl yşygy görüp togtady. Birden egni deri penjekli bir adam gapyny açdy-da maşynyň içine girdi. Elindäki sapançasynyň nilini lukmana çenedi-de:
– Sür, maşyny! – diýip, buýruk berdi.
Wan Eýk ikirjiňlendi:
– Men lukman. Bir hassanyň yzyndan gyssagly barýardym.
Deri penjekli adam ony diňlejegem bolmady. Şäherden iki kilometr çemesi aňyrrakda maşyndan düşürip goýberdi.
Lukman Wan Eýk bir telefon tapyp, özüne taksi çagyrýança ýarym sagat geçipdi. Otly menziline baryp, Glens Falsa gidýän otlynyň 00:10-da hereket edýändigini öwrendi.
Lukman hassahananyň gapysyndan ädimini ätlän mahaly sagat üçden işleýärdi. Lukman Haýdon oňa garaşyp duran ekeni. Lukman Wan Eýk başdan geçiren zatlaryny gyssagly gürrüň berişdi. Sözüne dyngy beren wagty lukman Haýdon gamgyn halda:
– Ýigdekçe bir sagat mundan öň amanadyny tabşyrdy – diýdi. – Iki-üç sagat öňräk geläýen bolsaňyz, halas edip bolaýmagam ahmaldy.
Iki lukman garaşma otagynyň öňünden geçip barýarkalar Wan Eýk birden saklandy. Maşynyny saklan deri penjekli adam kellesini iki eliniň arasyna alyp, şol ýerdäki oturgyçlaryň birinde otyrdy.
Lukman Haýdon oňa ýüzlenip:
– Jenap Kunniňham, sizi lukman Wan Eýk bilen tanyşdyraýyn – diýdi. – Ogluňyzy halas etmek üçin Albanydan tä şu ýere çenli geldi.

(Billy Rose)