
Mozart uzak şäherleriň birinde konsert bermelidi. Ol konserte oňat taýýarlanypdy. Çykyşyň başlamagyna az wagt galypdy. Haçanda Mozart konsert zalyna gelende, zalda bary-ýogy on sanyjak kişi bardy. Zaldakylar biri-birinden konsert bolarmyka diýip soraýardylar. Mozart pianinonyň ýanyna bardy. Yhlas bilen çalmaga başlady. Oňa zaldaky adamlaryň sany dälde, ýerine ýetirmeli konserti ähmiýetlidi. Şeýlelikde, Mozart bütin düýrmegi bilen saza berildi. Ol şeýle bir hyjywly çalýardy welin, hereketlerinden ruhy dünýäsine aralaşyp bolýardy. Saz onuň bütin bedenini gurşap alypdy. Mozart sungatyň güýjüne ynanýardy. Sungat onuň özüniň hem-de diňleýjileriň ruhuna aralaşan tebipdi. Mozartdan zaldaky oturanlaryň sanyny soran bolsalar, belki-de aýdybam bilmezdi. Haçanda konsert tamamlananda, tomaşaçylaryň turzan şowhuny, şadyýan el çarpyşmalary bütin zaly gurşap aldy.
Mozart we onuň muşdaklary ýatdan çykmajak pursady başdan geçirdiler. Şol gün agşam Mozartyň aýalyna ýazan hatynda şeýle setirler bardy: «Şu günki ýerine ýetiren konsertim, şeýlebir, ajaýyp boldy, hemmeler şowhun turuzdy».