Wepadarlyk

 1912-nji ýylyň aprel aýynyň 15-i gijesidi. Deňsiz-taýsyz hasaplanýan ajaýyp «Titanik» ýüzlerçe ýolagçylary bilen ummanda ilkinji syýahatyny başdan geçirýärdi. Hiç haçan gark bolmaz diýilýän bu gäminiň ýolagçylarynyň aglabasy birkemsiz bezenen baýlardy. Olar syýahat edýän ülkelerini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Şagalaňa serini aldyran ýolagçylar garaşylmadyk eýmenç bir sese aýňaldylar. Gök gümmürdisine meňzeş bu ses ähli kişini howsala saldy. Ýolagçylar az salymdan hemme zada göz ýetirdi. Atlantik ummanynda ägirt uly aýsberg bilen çaknyşan gämi düýpsüz ummanyň penjesine düşüpdi. Aýallaryň, çagalaryň elendiriji gykylygy asmana göterildi. Olar kimdir birinden haraý isleýärdi. Halaýyk gönüden-göni buz ýaly sowuk ummanyň girdabyna gitmegiň bosagasynda durdy. Gämide iki müň iki ýüz ýolagçy bardy. Halas ediş gaýyklary bolsa bary-ýogy ýedi ýüz ýolagçy üçin niýetlenendi. Galan bir müň bäş ýüz kişiniň ölümi gutulgysyzdy. Gaýyklara diňe aýallary we çagalary mündürýärdiler. Muňa garamazdan, gaýyklarda aýallaryň hemmesine ýer ýokdy. Şol galagoplykda gaýyklaryň birinde ýekeje adamlyk ýeriň bardygy gäminiň kapitanyna habar berildi. Gämini dolandyryjylar bu ýeri Amerikanyň iň abraýly maşgalalarynyň biri bolan Astor maşgalasyndan Hanym Astora berilmegini talap etdiler. Dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň biri bolan New Ýork kitaphanasyny Astor maşgalasy gurdurypdy. Hanym Astora gaýyga münmegi teklip etdiler. Şonda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Hanym Astor gaýyga münmäge kes-kelläm garşy boldy. Ol özüne ençeme wagtlap hyzmat edip ýören hyzmatkärini çagyrdy-da, oňa şeýle diýdi: «Gyzym, bu güne çenli bol-telkiligiň içinde bagtyýar ýaşadym. Men görjegimi gördüm. Galan sanalgyja demimde-da mähriban ýanýoldaşymyň ýanynda bolmak isleýän. Men ony ýalňyz goýup bilmerin. Meniň ýerime sen git!»

Hanym Astor hamana hiç zat bolmadyk ýaly mylaýym ýylgyrdy. Soňra egnindäki gymmat bahaly paltosyny we öwüşgini gözüň ýagyny iýip barýan monjugyny berdi. Yzyndanam «Sag bol» diýip, hyzmatkärini öz eli bilen gaýyga mündürdi. Soňra adamsynyň elinden tutdy. Olar bilelikde buz ýaly ummanyň girdabyna gitdiler.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s