Günleriň bir güni bir çagajyk aşhanada nahar taýynlap ýören ejesiniň ýanyna gelip, elindäki ýüzüne bir zatlar çyrşalan kagyzy uzatdy. Ejesi elini polotensa süpürip guradandan soň, oglunyň ýazan zatlaryny okamaga başlady:
Howlunyň haşal otlaryny arassalanym üçin: 5 manat;
Bu hepde otagymy saýhallanym üçin: 1 manat;
Bir gezek seniň ýeriňe dükana gidenim üçin: 50 teňňe;
Bir gezek bazara zat almaga gideniňde jigime seredenim üçin: 50 teňňe;
Zir-zibili daşaryk hapa atylýana taşlap gelenim üçin: 1 manat;
Oňat bahalar alanym üçin: 5 manat;
Howluny arassalanym üçin: 2 manat;
Jemi: on bäş manat.
Oglanjygyň ejesi hasaby okap aljyrajak boldy. Çalarajyk gahary geldi, emma birsalymdan özüni dürsäp, kagyzyň arka ýüzüne bir zatlar garalamaga başlady:
Seni dokuz aý garnymda göterenim üçin: hiç zat almadym;
Başujyňda dik oturyp atyran daňlarym üçin: hiç zat almadym;
Seniň ugruňda alada baryny edip, ýadanym üçin: hiç zat almadym;
Saňa alan oýunjaklarym, eşiklerim, iýer-içer ýaly zatlarym üçin: hiç zat almadym;
Sapaklaryňa kömekleşenim üçin: hiç zat almadym;
Eşikleriňi ýuwup ütüklanim, saňa nahar bişirenim üçin: hiç zat almadym.
Ejesi ýazanlaryny ýeterlik görüp, kagyzy ogluna gaýtaryp berende, ogly olary okamaga başlady. Okadygyça-da ýüzi gyzarýardy.
Goýberen ýalňyşyna düşünipdi. Gözüniň okarasy ýaşdan doldy. Hernäçe utansa-da: “Men seni gowy görýän, eje jan…” diýmegi başardy, “Meni bagyşla”.
Soňra bolsa, eline syýagalam aldy-da, öz ýazan zatlarynyň aşagyna ullakan harpler bilen şeýle ýazdy:
“NAGT TÖLENDI”
(Ýazyjy nabelli)