Ussa

Ýaşy bir çene baran, hindistanly ussanyň şägirtleriniň biri durmuşyndan köp nalaýar eken. Bir gün goja ýaňky ýaş ýigidiň igençlerinden halys ýadap, ony ýanyna çagyrypdyr-da, duz alyp gelmegi buýrupdyr. Ýigit gapda duz alyp gelipdir. Onsoň goja oňa: «Indi bolsa, bir gysym duzy al-da, bir käse suwa guýup iç» diýipdir. Ýigit halypasynyň sözüni ýykyp bilmän, duzly suwa agzyna ýetiripdir. Bir owurt içip-içmän hem öwäp-üsgürip, bolmajysy bolupdyr.

Goja ondan: «Tagamy nähili eken?» diýip sorapdyr. Ýigit: «Zäher ýaly» diýip jogap beripdir. Soňra goja ýylgyryp ýigidiň goşaryndan tutupdyr-da, ony daşaryk çykarypdyr hem ur-tut kölüň kenaryna alyp barypdyr:

–  Indi köle-de bir gysym duz oklaga-da suwundan içip gör hany!

Ýigit aýdylany berjaý edip, eňegini suwa basypdyr-da, işdämenlik bilen suw içipdir. Agzynyň iki gyrasyny ýeňi bilen süpürip durka-da goja oňa ýene sorapdyr:

– Tagamy nähili?

– Ajaýyp.

Beýle bolsa, kalbyňy köl ýaly giň tutgun, balam! Käse ýaly kiçijik ýüregiňi köl ýaly ulaltjak bol. Şonda durmuşyňda hiç zatdan nalamarsyň!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s