Behişt we dowzah

Günlerde bir gün jeňbaz samuraýlaryň biri budist ruhanysyndan «dowzah» bilen «behişt» sözleriniň manylaryna düşündiriş bermegi sorapdyr. Emma ruhany onuň soragyna kän bir pitiwa etmändir:

 – Sen ganojagyň baryp ýatany ahyry. Sen tetellilere sarp edere wagtym ýok meň.

Özüni kemsidilen hasap eden samuraý ýel berlen tulum ýaly gabarylyp, gylyjyny syrypdyr-da, ruhanynyň üstüne topulypdyr:

 – Seni häziriň özünde dünýä inmedik ýaly ederin.

Muňa mähetdel ruhany hem: «Ynha» diýip, pessaý sesi bilen mylakatly gürläpdir: «Muňa dowzah diýerler». Samuraý ruhanynyň nämäni kakdyryp beýle diýýänine düşünipdir. Gaharyny ýuwdup, derrew gylyjyny gynyna salypdyr. Soňra bolsa, iki epilip, özüne pähimli bolmagy öwreden ruhana minnetdarlygyny bildiripdir. Şonda ruhany oňa şeýle jogap beripdir:

 – Ynha, bu bolsa behiştdir!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s