Pälwan

Ýaş ýigidiň biri göreş sungatyny berk ele almak üçin, ady äleme dolan pälwanyň ýanyna barypdyr. Halypasyna ýüregi bilen berlip, birnäçe ýylyň dowamynda göreş tilsimleriniň ählisini özleşdiripdir.

Bir gün ol halypasyna: «Maňa ýene öwretmeli zadyň barmy?» diýip sorapdyr. Halypasy oňa: «Menden almaly zatlaryňy aldyň, ýigit!» diýip jogap beripdir. Onsoň, ýigit hondan bärisi bolup, halypasy bilen hoşlaşypdyr-da ýoluna rowa bolupdyr.

Ýigit ýurt gezipdir. Baran ýerlerinde güýjüni mazamlapdyr. «Meni ýykyp biljek pälwan älemde ýokdur» diýip, güp-güpi baryny urupdyr. Şeýdip gezip ýörşüne, aý aýlanyp, ýyl geçipdir we ol ahyry bir gün halypam bilen göreş tutuşmaly diýen karara gelipdir.

Iki pälwanyň göreşini tomaşa etmek üçin müňlerçe adam ýygnanyşypdyr. Göreş, birbada, deňme-deň dowam edipdir, soňunda bolsa, ýigidiň halypasy çemini tapyp, ony ýykypdyr. Ýigit sojap dem alyp durşuna kynlyk bilen dillenipdir:

 – Geň göräýmeli! Menden aljak zadyňy aldyň diýipdiň ahyry. Sen meniň bilmeýän haýsy tilsimiňi ulandyň beýle?

 Halypasy oňa şeýle jogap beripdir:

 – Ýigit, sen dogry aýdýaň. Şonda meň saňa öwretmedik zadym galmandy. Ýöne, sen gideniňden soňam, men gol gowşuryp oturmadym ahyry. Täze tilsimjikleriň üstünde işledim, türgenleşmämi hergiz goýmadym.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s