Nestle

XIX asyrda Şweýsariýada dogulýan her bäş çagadan biri bir ýaşyny hem doldurman aradan çykýardy. Şeýle gözgyny ýagdaýyň gözli şaýady bolmak Genrih Nestle üçin juda agyr degipdir. Onsoň, ol özüniň bar wagtyny çaganyň iýmitlenişini öwrenmäge sarp edipdir. Şeýlelik bilen, çaga ilkinji aýlarda goşmaça iýmit bolup hyzmat etjek süýt aşyny öndürmegiň hötdesinden gelipdir.

Şol döwürlerde hamyla bir zenan agyr kesele uçrap, çagasy wagtyndan ir doglupdyr. Göýdüjek bolup dünýä inen bäbejik enesini-hä bir emmändir, goşmaça berilýän iýmitleri hem kes-kelläm kabul etmändir. Hiç kimde onuň ýaşajagyna bolan umyt galmandyr. Ine, Nestle özüniň öndüren süýt aşyny 1867-nji ýylda ilkinji sapar bäbejik Wannere iýdirmek arkaly ony ölümden halas edipdir.

Nestläniň açyşa barabar şol önümi lukmandyr bilermenleriň goldamagy hem-de maslahat bermegi bilen tutuş Şweýsariýada, soňundan bolsa Ýewropada we dünýäniň çar künjeginde meşhurlyk gazanypdyr. Bu önüm ene süýdi bilen iýmitlenmäge ukypsyz nijeme çagalaryň dadyna ýetişipdir.

Nestle öz şereketine hem-de şereketiň brendine at hökmünde familiýasyny goýýar. Galyberse, «nestle» sözi nemes dilinde höwürtge diýmegi hem aňladýar. Şoňa görä, brendde höwürtgesinde jüýjelerine iýmit berýän guşuň suraty şekillendirilýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s