Biri-biri bilen jet iki doganyň şereketleri «Adidas» we «Puma»

Adidas» we «Puma» şereketleriniň döreýşiniň hekaýaty 1924-nji ýylda Adolf bilen Rudolf atly iki nemes doganlaryň ýeňil atletika sportuna degişli aýakgaplary öndürmek üçin zawod açmagy bilen başlanýar.

Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy bilen iki doganyň syýasy meselede agzy alarýar. Şunlukda olar biri-birinden ýüz öwürmeli diýen netijä gelýärler we gaýdyp gepleşmeýärler.

Rudolf ýa-da gysgaldyp aýdylanda Rudi derýanyň aňyrsynda «Puma» şerketiniň düýbüni tutýar. Adolf ýa-da gysgaldyp aýdylanda Adi bolsa derýanyň bäri ýüzünde adynyň hem familiýasynyň birinji bogunlaryndan ýasalan söz bolan «Adidas» şereketiniň düýbüni tutýar.

Iki doganyň arasyna tow düşmegi bilen Hersogenaurah şäheriniň ilatynyň hem agzy alarýar. Adamlar Adiçiler we Rudiçiler diýen iki topara bölünýär. Hiç kim beýleki bir toparyň barýan bazaryna gidip söwda etmeýär.

Urşuň yzýanlary şäheriň ilaty gahatçylykdyr işsizlikden jebir çekýär. «Adidas» bilen «Puma» şereketleriniň bolsa işi şow alýar. Halkyň maňlaýyndan dirän hem ýene şu iki doganyň şereketleri bolýar. 

Birmahal oglankalar öýlerinde tok bolmansoň, tigiriň tekerini aýlamak esasynda tok öndürip,  aýakgap ýasaýan doganlar, Adolf 1987-nji aradan çykanda hem, biri-birileri bilen 29 ýyldan bäri tersdiler. Ençeme ýyldan soň aradan çykan Rudini hem derýanyň aňyrsynda jaýlanýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s