Dünýä belli şereketleriň şowlulyk getirýär diýen ynanç bilen tumar edinýän şekiljagazlary, ýagny maskotlary bolýar. «Mişlen» şereketiniň maskoty hem teker adam. Siz mahabatlarda şol maskoty köp görýän bolsaňyz gerek. Oňa «Bibendum» diýip at berýärler.
Mundan laýyk 113 ýyl öň Fransiýanyň Lion şäherinde geçirilen amaly-haşam sergileriniň birinde üsti-üstüne üýşürilip goýlan tekerler Mişlen doganlara öz şereketleriniň maskotyny tapmaga ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Doganlaryň biri beýlekisine üýşmek tekerleri görkezip: «Elleri hem bolanda, tüýs adama meňzejek eken» diýýär.
1899-njy ýylda öz döwrüniň ady belli karikaturaçysy O’Galobyň çeken ilkinji plakatynda Bibendumyň ýeli goýberilen bäsdeş brend tekerleriň arasynda bulgury göterip duran suraty şekillendirilipdir.
1950-nji ýylda Mişlen doganlaryň täze oýlap tapan radial tekerlerini hem ýene Bibendum mahabatlandyrýar. 1998-nji ýylda Bibendum teker adamy hasam döwrebaplaşan hem göze gelüwli görnüşe eýe bolýar. 2000-nji ýylda bolsa, «Faýnenşl Taýms» gazetiniň «Biznes we hasabat» žurnaly dünýäniň iň meşhur logotipleriniň sanawyny düzýär. Şol sanawda Bibendum ilkinji orny eýeleýär.