«Toyota» şereketiniň hekaýaty Sakiti Toýodanyň XIX asyryň ahyrlarynda Ýaponiýanyň dokma senagaty pudagynda uly öwrülişik döreden ilkinji awtomat dokma stanoklaryny oýlap tapmagy bilen başlaýar.
Sakiti Toýoda 1918-nji ýylyň ýanwar aýynda «Toyoda» ýüplik egriji we mata dokaýjy fabrigiň düýbüni tutandan soňra özüniň ýeke-täk arzuwy bolan awtomat dokma stanogyny ogly Kiitironyň hem kömek bermegi bilen 1924-nji ýylda doly ýasap gutarýar. Iki ýyl soň bolsa, «Toyoda» awtomat dokma stanoklaryny öndürýän zawodyny açýar.
Kakasy ýaly oýlap tapyjylyk ukybyna eýe bolan Kiitiro 1920-nji ýyllarda Amerika we Ýewropa syýahat eden döwürleri şol ýurtlaryň uly depgin bilen ösýän awtoulag senagaty onda uly täsir oýarýar. Kiitiro kakasynyň awtomatik dokma stanoklarynyň patentini satmak bilen gazanan ýüz müň funtuň baryny sarp edip, 1937-nji ýylda «Toýota Motor Korporeýşn (TMC)» kompaniýasyny gurýar. «Toyota» häzirki wagtda dünýäde iň köp awtoulag öndürýän kompaniýa hökmünde tanalýan hem bolsa, dokma senagaty pudagyndan hem örküni üzmän, dünýäniň köp ýurtlaryny awtomat dokma stanoklary bilen üpjün edýär.
Ýuwaş okean söweşlerinde kompaniýa özüniň bar güýjüni Ýaponiýa imperiýasynyň goşunlary üçin nowaly harby awtoulaglary öndürmeklige gönükdirýär. Urşuň iň bir haýhatly günlerinde hem ýokdan bar edip, öňki bamperi ýeke faraly harby ýük ulaglaryny öndürýär. Uruşdan soň 1947-nji ýylda şereket ýeňil awtoulag önümçiligine başlaýar. 1957-nji ýylda «Toyota Motor Sales» atly ýene bir ulag söwda kompaniýasyny döredýär. 1957-nji ýylda bolsa, «Toyota» ABŞ-a eksport edilen ilkinji ýapon awtoulagy bolýar. Şeýlelikde kompaniýanyň ABŞ-da we Braziliýada şahamçalary açylýar.