Frederik Smit 1944-nji ýylda ABŞ-nyň Missisipi ştatynda dogulýar. Oglanka kakasy aradan çykýar, kiçilikden süňk keselinden jebir çekýär. «Ýel» uniwersitetinde okaýan döwürleri talyplara geljekde nähili işiň başyny tutmak isleýärsiňiz diýen tema boýunça düzme ýazmaklyk tabşyrylýar. Frederik şol düzmede tutuş ABŞ-ny öz içine alýan ýük gatnaw ulgamyny döretmegi arzuw edýändigini beýan edýär. Uniwersitetiň professory düzmäni okap başyny ýaýkaýar-da: «Bolmajak zadyň pikirini edýärsiň, ýigit!» diýýär we oňa kanagatlanarly baha goýýar. Frederik uniwersiteti tamamlandan soň, Wýetnamda amerikan goşunlarynyň arasynda uçar çapary bolup gulluk edýär we iki ýüzden gowrak uçuş amala aşyrýar.
Frederik 1970-nji ýylda işewürleriň durmuşyna gadam basýar we ýük gatnawy ulgamynyň bilermenleriniň ýanynda «Ýel» uniwersitetinde talypka özüniň arzuwy bilen bagly ýazan düzmesi barada gürrüň berýär. Bilermenler onuň pikirini oňlaýarlar we haýal etmän işe girişmegi maslahat berýärler. Uçardyr ýük ulaglaryny satyn almak üçin köp pul sarp edilýär. Şereketiň işgärlerine aýlyk haklaryny bermegiň özem aňsat iş däldi. Muňa garamazdan, Frederik «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýen pikirden ugur alyp, köp gurply adamy bu işe çekmegi başarýar.
1973-nji ýylda sargalan uçarlaryň ilkinji tapgyry gelip gowşan mahaly Frederige talypka welilik satan professor mamla bolup çykýar. Ýük gatnawy üçin ýigrimi bäş uçar sargalan hem bolsa, birinji tapgyrda bary-ýogy on sekiz uçar gelip gowuşýar. Tutuş dünýäde sarsgyn döreden nebit krizisi hem munuň üstüne urna bolýar. Şeýlelikde ýük hyzmatlarynyň bahasy hem galýar. Kompaniýanyň uçarlara ýangyç almaga gurby ýetmänsoň, ýük gatnawlary bütinleý diýen ýaly durýar. Kä halatlarda bolsa, uçarmanlar uçarlara öz hasabyndan ýangyç guýupdyrlar. Häzirki wagtda «Fedeks» kompaniýanyň arassa girdejisi sekiz milliard dollara barabardyr. Kompaniýanyň segsen bäş müňden hem köp işgäri bar, ýylda eltýän ýükleriniň sany bir ýarym milliona ýetýär. Şol ýükler dünýäniň çar künjegine bökdençsiz baryp gowuşýar.