
Bir gün Platon öz şägirtleriniň biriniň humar oýnap duranyny görüp, oňa mazaly käýýäpdir. Platonyň şägirdi özüniň çetine degilmegini ýokuş görüp:
– Halypa nädýäň-aý, men ummasyz köp pul goýup humar oýnamok ahyry – diýipdir. Şonda Platon oňa şeýle jogap beripdir:
– Men saňa ýitirýän puluň üçin däl, ýitirýän wagtyň üçin käýinip durun!