Horaz

Bir patyşanyň ýeňilmezek horazy bar eken. Patyşa öz horazynyň hasam gaýduwsyz bolmagyny isläpdir. Şonuň üçin ony horazlaryň tälimçisiniň ýanyna alyp barypdyr.

Tälimçi: «Ony goýup gidäýiň, bir hepde soň alyp gidersiňiz» diýipdir.

Patyşa bir hepde soň gaýdyp gelipdir. Görse, horazy edil öňki ýaly petekesini gaýşardyp ýöränokmyş. Gygyranda-da sesi edil öňki ýaly batly çykanokmyş. 

Tälimçi perzini üýtgetmän:

– Görşüňiz ýaly ol entek taýýar däl – diýipdir. – Özüne aşa göwni ýetýär. Beýleki horazlar bilen tutda-bas bolup ýör. Siz gowusy indiki hepde geläýiň!

Ýene bir hepde geçipdir. Patyşa gelip görse, onuň ýeňilmezek horazy ýeleklerini hem zordan gabardýarmyş. Uruşmaga çykanda hem ganatlaryny göwünli-göwünsiz pasyrdadan bolýarmyş.

Tälimçe ýene asuda gürläp:

– Görşüňiz ýaly ol entek taýýar däl –  diýipdir. – Entegem gyzmalyk edýär. Käbir horazlar bilen oňuşanok, entegem olara gözüni mölerdip seredýär. Gowusy, siz bir aý soň geläýseňiz-le.

Aradan bir aý geçensoň, patyşa horazyny görmäge gelipdir. Ol özüniň urşagan horazynyň burny deşilen ýaly bolup ýörşüni görüp ör-gökden gelipdir. Onsoň, ol tälimçiniň üstüne heňkirmek heňkiripdir:

– Meniň horazymy nädäýipsiň?! Sered-ä muňa. Ol asyl uruşjaga meňzänog-a. Indi ony horaz diýip orta çykaryp bormy?

Tälimçi:

– Siz ýalňyşýaňyz, patyşahym! – diýip jogap beripdir. – Onuň özüni parahat alyp barşyna bir serediň ahyry. Gözünde gorky-ürküden nam-nyşan galmandyr. Ýüregi giňäpdir. Ol indi öňküden has gaýduwsyz görünýär. Şonuň üçin arkaýyn bolaýyň, beýleki horazlar onuň ýelesinden hem baryp bilmezler.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s