Ud

Müritleriň biri keýpi-sapaly durmuşy küýsäp, piriň tekgesini terk edipdir. Şonda, pir onuň ýanyna barypdyr. Olaryň ikisiniň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçipdir:

– Sen ud çalmaga ökdemikäň diýýärdim-le?

– Hawa, pirim! Başardygymyzdan çaljag-a bolýardyk.

–  Beýle bolsa, hany aýt bakaly, eger kirişleri aşa dartsak, uduň sazy gulaga ýakymly eşidilermi?

– Ýok, eşidilmez, pirim!

– Kirişleri aşa gowşatsak nähili bor? Ýakymly saz dörärmi?

– Ýok, döremez, pirim!

– Onda, kirişleri aşa dartamyzogam, aşa gowşadamyzogam, aralyk edip sazlaýarys. Indi sen ondan şirin owazlar çykaryp bilersiň-ä?

– Çykarman näme, edil gözüne gül salaryn!

Edil şonuň ýaly nebis diýlen zady hem aşa gysyp, ýa-da aşa gowşadyp saklap bolýan däldir, oglum! Eger nebsiňi aralykda saklap bilseň, şonda sen oňat sazlanan ud ýaly bolarsyň!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s