Suw

Gadym zamanlarda egsilmez baýlygy bilen älemi baglan bir patyşa bar eken. Ol nire gitse, baran ýerinde adamlara güjeňlär ýaly hazynasynyň bir bölegini hökman ýany bilen alyp gider eken.

Şol patyşanyň akylly bir weziri bar eken. Patyşa dünýäde diňe şoňa ynanar eken. Günlerde bir gün patyşa özüniň şol weziri bilen söhbet edip otyrka oňa şeýle sowal beripdir:

– Sen gündiz ýyldyzy saýgarýan gaty ýiti adam. Dünýäni soraýan hökümdarlaram, garadan gaýtmaz batyrlaram seniň gapyňa maslahat sorap gelýär. Şonuň üçin menem seň pikiriňi bilesim gelýär. Meniň baýlygymy neneň görýäň?

Wezir patyşa gözüne seredip durupdyr-da, soňundan hem şeýle diýipdir:

– Patyşahym! Diýeli, siz jöwzaly, ymgyr çölüň jümmüşine düşdüňiz. Ýanyňyzda ýeke damja suwam ýok. Eger men size baýlygyňyzyň ýarysyny berseňiz, size bir pyýala suw berjek diýsem, näderdiňiz, bererdiňizmi?

Patyşa:

– Elbetde, bererdim – diýip jogap beripdir. Onsoň, wezir sözüni ýene dowam etdiripdir:  

– Diýeli, bir salymdan siz ýene suwsadyňyz. Şonda size baýlygyňyzyň galan bölegini hem berseňiz, size ýene bir pyýala suw berjek, diýsem, näderdiňiz, bererdiňizmi?

Patyşa uludan demini alypdyr-da:

– Ölmezlik üçin bermeli bolar – diýipdir. Onsoň, wezir ýylgyryp şeýle diýipdir:

Beýle bolsa, baýlygyňyza buýsanmaň patyşahym! Sebäbi siziň baýlygyňyz bary-ýogy iki pyýala suwa barabar boljak eken.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s