ARYK

«Ozal akan ýerinden akarmyş aryk» diýýär Magtymguly atamyz. Halkymyzyň paýhas gory ýetik. Döwrüň çaňy onuň diňe üstüni örtüp bilýär. Ony asla ýok edip bilenok. Adamyň keýpi daş ýaryp, ham-hyýallaryň ummanynda gulaçlap ýüzýän mahaly käbir zatlara kelle agyrdasy gelmeýär. Käbir hakykatlara göz ýetirmek üçin käbir zatlara aýgyt etmeli. Ukuda ýatan adam üçin iň süýji zat uky bolsa gerek. Emma käbir meselelere hakykatdanam ýüzleý garap bolmaýandygyna düşüneninde welin, onuň oýanjagy hakdyr. Oýanaýmalydyr.

«Kesekiden gelen şam bolmaz, o-da wagtynda gelmez» diýilýär. Bu ýönelige aýdylan gep däl bolsa gerek. Keseki düşünjesi hem üýtgedi. Ýa üýtgemese-de unudyldy. Öňler araçäkler bar eken. Garanyň gutarýan ýeri, agyň başlaýan ýeri anyk belli eken. Indi bolsa, ak bilen garanyň aralygynda müň dürli öwüsýän reňkler bar ýaly bolup dur. Ýa-da entegem diňe ak bilen gara bar bolup, aradaky reňkleriň ählisi haýsy hem bolsa bir tarapa degişlidir, ýöne biz ony saýgarýan däldiris. Meger şeýledir. Çaky biz döwrüň başyna goýberilen reňkleriniň ahyrsoňy haýsam bolsa bir tarapa, ýa gara ýa-da aga dahyl boljagyny unudan bolsak gerek.

Döwür üýtgese-de, käbir hakykatlar üýtgänok. Döwür aslynda şol üýtgewsiz hakykatlaryň hasam ýaýbaňlaşdyrylmagyna gulluk etmeli. Emma «kişmiş iýseň çöpi bar» diýleni ýaly, döwrüň getirýän ýeňillikleriniňdir açyşlarynyň hem öz çöpi bar. Şol çöplerden ägä bolmaly. Döwrüň guluna öwrülmän, gaýtam döwrüň adamy bolmaly. Döwrüň adamy bolup ýaşanlardan görelde almaly. Munuň üçin hem ýene özüňe buýrup bilmegi başarmak gerek. Käbir zatlardan geçmegi başarmak gerek.

Adamyňky bir tarapdan kyn. Haýwanyň düýnem ýok, ertirem. Adam welin, geçmişini inkär edip bilenok. Geçmişiň ajy-süýjüsi bilen ýaşaýar. Özem diňe bir öz geçmişiniň däl, tutuş adamzadyň ajysy-süýjüsi bilen ýaşaýar. Geljegem edil şonuň ýaly. Adam diňe özüniň däl, tutuş adamzadyň ertiriniň pikirini kalbynda göterip gezýär. Adam üçin ertir bar. Erte başyna geljekleriň zabun hakykaty bar. Eger şol hakykat bilen ýüzleşmegi başarsa, adamyň ýüki ýeňlär. Ynsan bolup dünýä inmekligiň bagtyna ol şonda düşüner. Goý, ynsan bolup dünýä inmekligiň bagtyna ýetmek biziň her birimize nesip etsin!

 

 

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s