
Dünýäniň iň ezber ýüzüjileriniň biri hasaplanýan Florens Çedwigiň başdan geçirenleri adamyň öz-özüne ynamyny ýitiren ýagdaýynda nähili uly mümkinçilikleri elden giderýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
1952-nji ýylyň 4-nji iýulynda, otuz dört ýaşly Florens Çedwik Katalina adasyndan Kaliforniýa çenli ýigrimi bir mil aralygy ýüzüp geçen ilkinji zenan bolmaga synanyşyk edipdir.
Florens ýüregini bire baglap, Ýuwaş okeany gulaçlap ýüzüp başlapdyr. Emma şol gün içiňi ýakaýyn diýen ýaly howa bulaşypdyr. Ümürden ýaňa gözüň öňüni görer ýaly bolmandyr. Üstesine suw hem aşa sowapdyr. Adamlar şeýle aýgytly synanyşygy telewizordan tolgunmak bilen tomaşa edipdirler.
Florens çykgynsyz ýagdaýa düşen hem bolsa, erjellik bilen ýüzmegi dowam edipdir. Oňaýsyz howa şertlerinde on bäş sagat ýüzeninden soňra, onuň kenara ýetip bilmejegine gözi ýetipdir. Onsoň, ol özüni dessine suwdan çykarmaklaryny sorapdyr. Ýanynda gaýykda barýan ejesi bilen tälimçisi oňa kenara juda golaý gelendigini ýatladyp, ýüzmegi dowam etmelidigini aýdypdyrlar.
Emma Florens Kaliforniýanyň kenar ýakalaryna tarap boýnuny uzadyp seredeninde goýry ümür gatlagynyň gözýetimi büräp alandygyny görüpdir. Aradan köp wagt geçmän hem suwdan çykypdyr. Birsalym oturyp, demini dürsäninden soň habarçylar ondan: «Kenara ýetip barýardyňyz ahyry. Ýene azrak gaýrat etseňiz bolmaýardymy?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol: «Näme diýsemkäm? Bahana gözläp aýtdygym däl, ýöne eger kenary görüp bilen bolsadym, onda soňuna çenli ýüzmegim gaty ahmaldy» diýip jogap beripdir.
Elbetde, şol gezek Florens Çedwik suwuň sowuklygyndan ýa-da ýadawlykdan basylmandy. Ol ümür zerarly kenary görüp bilmänsoň, maskadyna ýetip bilerin öýtmändi, şonuň üçin hem ýüzmegi dowam etdirmekden boýun gaçyrdy. Ýogsa ol iki aý soň hut şol aralygy ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy hem başarypdy.