Öz-özüňize böwet bolmaň!

1950-nji ýyllarda ýeňil atletikaçy türgenleriň arasynda «Bir mil aralygy dört minutdan az wagtda geçip bolmaýar» diýen düşünje bar eken. Hatda şol döwrüň lukmanlary hem adamyň fiziki gurluşyny göz öňünde tutup, beýle zadyň mümkin däldigini tekrarlaýar ekenler. Şonuň üçin türgenler bir mil aralygy dört minutdan az wagtda geçmäge synanyşyk hem etmändirler. Olar rekordy täzelemek üçin däl-de, pellehana birinji bolup barmak üçin bäsleşipdirler.

Günlerde bir gün türgen Rojer Bannister bir mil aralygy dört minutdan az wagtda geçmegi ýüregine düwýär. Ol 1954-nji ýylda geçiriljek ylgaw ýaryşyna bir ýyl öňünden taýýarlanyp başlaýar. Galyberse, Rojer özüniň maksadyna ýetmek üçin diňe fiziki taýdan däl-de, ruhy taýdan türgenleşmelidigine-de göz ýetirýär. Şol sebäpden özüniň bar oý-pikirini diňe maksadyna gönükdirýär. «Men bir mili dört minutdan az wagtda geçmeli» diýip öz-özüne köp aýdýar. Ýaryşda özüniň rekord goýşuny her gün diýen ýaly göz öňüne getirýär. Şeýdibem özüne bolan ynam duýgusyny terbiýeleýär.

Ýaryş güni gelip ýetýär. Her kim pellahana öňürti ýetmek üçin jan edýän mahaly Rojer bir mil aralygy dört minutdan az wagtda geçmekden başga zadyň pikirini etmeýär. Ol pellehana birinji bolup gelýär. Emma ol birinjilik ugrunda ýaryşmansoň, diňe netije bilen gyzyklanýar. Rojer başyny galdyryp san görkeziji tagta seredeninde, «3:59» diýlen ýazgyny görýär. Şeýlelikde Rojer «Bir mil aralygy dört minutdan az wagta geçmegi başaran ilkinji türgen» diýen ada eýe bolýar.   

Şeýdip, Rojer maksadyna ýetýär. Ol fiziki güýç bilen däl-de, esasan, ruhy güýç bilen ýeňiş gazanypdy. Rojerden soňky türgenleriň köpüsi hem ruhy güýje ähmiýet bermän üstünlik gazanyp bolmajakdygyna göz ýetirýärler. Mysal üçin, şol ýylyň özünde üç ýüzden gowrak türgen Rojeriň goýan rekordyny täzelemegi başarýar. Ine şondan soň türgenleriň hemmesi ýetilmesi mümkin däl ýaly bolup görünýän ýokary derejeleri gazanmagyň syrynyň ýigrimi göterimi fiziki, segsen göterimi bolsa ruhy güýje daýanýar diýip düşündirýärler.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s