Arzuwlaryňyza eýe çykyň!

Bu hekaýa güzeranyny aýlamak üçin fermalardan fermalara, ýaryşlardan ýaryşlara selpäp ýören garyp seýsiň ogly barada.   

Seýsiň ogly mekdep okuwçysyka mugallymy olara: «Geljekde kim bolasyňyz gelýän bolsa, şol barada düzme ýazyp geliň» diýip ýumuş tabşyrypdyr. Oglanjyk geljekde at fermasynyň eýesi bolmagy arzuw edýändigini beýan edip, ýedi sahypalyk düzme ýazypdyr. Arzuw edýän fermasyny jikme-jik gürrüň beripdir. Hatda gurmak isleýän iki gektarlyk fermasynyň taslamasyny hem çyzypdyr. Şol taslamada desgalaryň, ýataklaryň hem türgenleşik meýdanlarynyň ýerleşýän ýerlerine deňiç hemme zady görkezipdir. Üstesine, iki gektarlyk fermanyň ortasynda salynmaly jaýynyň taslamasyny hasam jikme-jik düşündiripdir.

Oglanjyk kalbyndan gaýnap çykan duýgulara eýlenen düzmesini ertesi gün mugallymyna eltip beripdir. Mugallym birki gün soň düzmeleri gaýtaryp beripdir. Oglanjyk seredip görse, düzmesiniň aşagyna gyzyl syýa ruçka bilen ikilik goýlup, «Sapakdan soň ýanyma gel» diýlip ýazylan eken.  

Oglanjyk sapakdan soň mugallymyň ýanyna barypdyr:

 – Mugallym, maňa näme üçin ikilik goýduňyz?

Mugallym oňa şeýle diýip jogap beripdir:

– Bu ýazan zatlaryň seniň ýaşyňdaky çaganyň etmeli pikirleri däl. Birinjiden-hä puluňyz ýok. Kakaň seýis bolanda näme? Onuň-munuň işini edip zordan gününi görýär. Atçylyk fermasyny gurmak üçin bolsa, ummasyz pul gerek. Ilki bilen ýer satyn almaly. Onsoň, tohumlyk atlar satyn almaly. Sen bulary nädip satyn aljak? Arzuw edeniňde-de aýagyňy ýerden üzmeli däl ekeniň. Eger çynlakaý oýlanyp, düzmäňi täzeden ýazyp getirseň, onda bahaňy üýtgedäýmegimem ahmal.

Oglanjyk mugallymyň ýanyndan sesini çykarman gaýdypdyr. Bir hepdeläp oýlanyp gezipdir. Soňundan hem düzmesini ellemän şol durşuna mugallymyna eltip beripdir-de:

Siz-ä maňa goýan bahaňyzy üýtgetmäň, menem öz arzuwlarymy üýtgetmäýin! – diýipdir.  

Aý aýlanyp, ýyllar geçipdir. Ýaňky okuwçy atçylyk fermasynyň eýesi bolupdyr. Ol özüniň fermasyny birmahallar okuwçyka ýazan düzmesinde suratlandyryşy ýaly edip gurdurypdyr. Okuwçy mahaly ýazan düzmesini bolsa, daşyna aýna tutup diwardan asyp goýupdyr.

Günlerde bir gün onuň ýanyna mugallymy gelipdir. Mugallym okuwçylaryna atlary görkezmek üçin gelen eken. Okuwçylar fermany aýlanyp çykanlaryndan soň, mugallym özüniň birmahalky okuwçysyna ýüzlenip şeýle diýipdir:

Bir zady boýun alasym gelýär. Men ýaşkam gaty köp okuwçymyň arzuwlaryny elinden aldym. Sen welin arzuwlaryňy bermediň, olara eýe çykdyň. Sen özdiýenli oglan ekeniň!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s