Syýahat

Pelsepeçi Anaksagora: «Syýahat etmek diýmek ýaşaýan ýeriňden başga bir ýere gitmek diýmek bolýarmy?» diýip sorapdyrlar.

Anaksagor: «Syýahat etmek pikirleriňi üýtgetmek, ters düşünjeleriňden saplanmak diýmek bolýar» diýip jogap beripdir.

Anaksagora ýene sorapdyrlar:

–  Dünýäde iň gowy görýän adamyň kim?

Pelsepeçi:

– Tikinçi – diýip jogap beripdir.

Sorag berenler pelsepeçiniň jogabyny geň görüpdirler:

– Halypa, senem oňarýaň-how, walla! Dünýäde iň gowy görüljek adam tikinçi bolaýmaz ahyry. Näme üçin tikinçi bolsun?

Anaksagor olara şeýle jogap beripdir:

–  Hawa, gadyrdanlar! Men geýimlerimi tikdirmäge barýan tikinçimi şeýle bir gowy görýärin. Sebäbi ol her gezek meniň beden ölçeglerimi täzeden alýar. Emma beýleki adamlar şeýdenok. Başda bir gezek maňa nähili baha beren bolsalar, onsoň tä ölinçäler men baradaky pikirlerini üýtgedenoklar.

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s