Erkinlik

Günlerde bir gün pähim-parasady bilen tanalýan bir patyşanyň ýanyna bir adam gelip: «Durmuşda adama erk berlipmi?» diýip sorapdyr. Patyşa:

 – Elbetde, berlipdir – diýip, jogap beripdir. – Seniň näçe aýagyň bar?

– Iki sany aýagym bar, patyşahym.

– Ýeri, bir aýagyň üstünde durup bilermiň?

– Elbetde, duraryn.

– Onda, haýsy aýagyň üstünde durasyň gelýär? Hany, pikirlen bakaly.

Ýaňky adam derrew pikirini aýtman, birsalym oýlanyp durupdyr. Soňra bolsa, çep aýagynda durasynyň gelýändigini aýdypdyr. Patyşa:

– Düşnükli – diýip, uludan demini alypdyr. – Hany indi beýleki aýagyňam bir galdyr bakaly.

Ýaňky adam ör-gökden gelipdir:

– Bir aýagymy galdyryp durkam, beýleki aýagymy galdyryp bilmerin ahyry, patyşahym!

Onsoň, patyşa:

– Ana gördüň dälmi? – diýipdir. – Saňa erk berlipdir. Ýöne sen diňe birinji göçümi öz erkiň bilen göçüp bilýärsiň, galanlaryny göçmäge eýýäm saňa erk berilmedik.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s