GUÝY

Gadym zamanlarda bir daýhanyň eşegi gurruk guýa gaçypdyr. Eşek janawer ençeme sagatlap aňňyryp, bolmajysy bolupdyr.

Ahyry onuň sesini eýesi eşidipdir. Daýhan gelip görse, gurrugyň düýbünde özüniň eşegi hynçgyryp ýatanmyş. Onsoň, ol näderini bilmän, obanyň adamlaryny kömege çagyrypdyr. Adamlar eşegi nädip çykaryp bolarka diýip, köp kelle döwüpdirler. Iň soňunda bolsa, «Biz nätsegem ony çykaryp bilmeris, biderek arrygymyzy gynanymyz galar. Şonuň üçin geliň gowusy gurrugy gömeliň» diýen netijä gelipdirler. Şeýlelikde, her kim eline pil alyp, guýa gum oklamaga başlapdyr. Eşek janawer bolsa, arkasyna gütläp degýän gumdyr kesekleriň zarbyna silkinjiräp, bir ýerde durman pyrlanyberipdir. Bir salymdan soň, eşegiň aýagynyň astyndaky gum galňapdyr, munuň bilen birlikde eşek hem kem-kemden ýokary galypdyr. Şeýdibem ol guýudan çykypdyr.

Ynha, käte kynçylyklaryň egnimizden basýan mahaly biz hem özümizi guma gömülýän ýaly duýýarys. Şeýle ýagdaýdan baş alyp çykmagyň ýeke-täk ýoly bar, olam aglap-eňremeklik däl-de, özüňi ele almak we gurrukda hem bolsaň, ýagtylyga ymtylmak, halas bolmaga çalyşmak.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s