Budda bir gün agşam bir dagyň jülgesine wagyz etmäge barjakdygyny aýdypdyr. Onuň wagzyny diňlemek üçin märeke bary ýygnanypdyr. Garaňky bolany üçin her kim Buddanyň oturjak ýerine şem ýakyp goýupdyr. Buddanyň wagzyny diňlemäge bir garry kempir hem barypdyr. Onuň şemi beýlekileriňkiden kiçi bolup, ölügsije ýanýar eken. Ol özüniň kiçijik şemini beýleki şemleriň arasyna eltip goýupdyr. Adamlar bolsa onuň şemine göwniýetmezlik bilen seredipdirler.
Budda wagyz edip başlapdyram welin, birdenkä şemal öwsüpdir. Kempiriň şeminden galan şemleriň bary sönüpdir. Uly şemleriň arasynda durandygy üçin, kempiriň şemi sönmän galypdyr.
Budda kempirini şemini eline alyp, beýleki şemleri ýeke-ýekeden ýakyp çykypdyr-da şeýle diýipdir:
– Görşüňiz ýaly, şemleri ýakmak üçin sähelçe uçgunjyk hem ýeterlik.
