
Altmyşy arka atan meşhur suratkeşiň jübüsinde kör köpügi ýogam bolsa, nahar edinmek üçin restorana giripdir. Ol restoranyň eýesiniň portretini çekmek şerti bilen bu ýerde garbanmak isleýändigini aýdypdyr. Restoranyň eýesi «Bolýar» diýipdir. Onsoň, suratkeş arkaýyn oturyp, garnyny doýrupdyr. Soňra ýaňky suratkeş sähel salymyň içinde restoranyň eýesiniň portretini çekip, öňünde goýupdyr. Restoranyň eýesi özüniň portretini halan hem bolsa, suratkeşe:
– Tüweleme, ajaýyp bolupdyr. Ýöne siz muňa kän wagtam sarp etmediňiz. Bir minutda çekip öňümde goýaýdyňyz. Nahary welin, bir sagatlap iýensiňiz! – diýipdir.
Şonda suratkeş oňa şeýle jogap beripdir:
– Bir minut däl, altmyş ýyl goşmak bir minut!