Hemmäni bir gezek, käbir adamy bolsa elmydama-da aldap bolar. Emma hemmäni elmydama aldap bolmaz.
(Awraam Linkoln)
* * *
Aldanmak islemeýän bolsaň, adamzadyň tejribesinde bar bolan zady terk edip, ýok bolan zada ymtylma.
(Nowşirwan Adyl)
* * *
Adamlary aldatmak, olary güldürmekden has aňsatdyr.
(Molýer)
* * *
Hemişe şu ýörelgä ten berip ýaşadym: adamzada ýagşylyk etmek üçin aldawa baş goşmaklyk hiç haçan oňluga eltmeýär.
(Gýote)