Stiwen Hoking

Stiwen Hoking 1942-nji ýylda Angliýada dogulýar. Ol talyp döwürleri berk bedenli, sagdyn ýigit bolupdyr. Oksford uniwersitetini gyzyl diplom bilen tamamlapdyr.

Günlerde bir gün Hoking amiotrafiki skleroz keseline duçar bolýar. Şeýlelikde, onuň durmuşynda iň bir kyn günler başlanýar. Oňurga ýiligi hem-de beýniň beden myşsalaryny dolandyrýan nerw öýjükleri hatardan çykandygy sebäpli Hoking bütinleý hereketden galýar. Gepläp bilmeýär, iýmiti kynlyk bilen ýuwudýar. Şeýlelikde entek ýigrimi bir ýaşyndaka eli-aýagy ysmaz bolup, bedeniniň beýniden galan ýeri işlemeýär. Hatda lukmanlar hem oňa iki ýyldan artyk ýaşar öýtmeýär.

Ruhy çökgünligi başdan geçirýän Hoking ilki-ilkiler diňe klassyky sazlary diňläp hem-de ylmy-fantastiki romanlary okamak bilen meşgullanýar. Emma soňlugy bilen, maşgalasynyň we halypasy Dennis Siamanyň irginsiz aladalarydyr ruhy goldawlarynyň saýasynda Hoking ýaşamaga bolan höwesine gaýtadan gowuşýar. Ol maýyplar arabasyndan turup bilmese-de, kompýuteriň kömegi arkaly daşyndaky adamlar bilen gatnaşyk saklaýar.

Hoking ysmaz hem bolsa öýlenýär. Aýalynyň kömegi bilen doktorlyk dissertasiýasyny ýazýar, professor bolýar. 1978-nji ýylda fizikanyň nazaryýeti boýunça berilýän dünýä belli «Albert Eýnşteýin» baýragyna eýe bolýar. 1982-nji ýylda bolsa, oňa dünýäniň dürli künjeginden baýraklar gelip gowuşýar. Mysal üçin, ol «Britan imperiýasynyň komandary» nyşany bilen sylaglanýar. Ýer ýüzünde global tempraturanyň artýandygy baradaky taglymaty ilkinji öňe süren adam Stiwan Hokingdir. Ol ysmazlyk keselinden ejir çekmegine garamazdan, ylymda uly açyş eden beýik alymlaryň hataryna goşulmagy başarýar. Stiwen Hoking 2018-nji ýylda aradan çykýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s