Söýgi näme?

Günlerde bir gün danalaryň birinden «Söýgi diýlen zady, hakykatdanam, kalbynda duýup ýaşaýan adam bilen ony kiçi dilinden aňryk geçirip bilmeýäniň arasynda nähili tapawut bar?» diýip sorapdyrlar.

Dana: «Şony häzir size görkezeýin» diýipdir-de,  söýgini kalbynda duýup bilmeýänleri nahara çagyrypdyr. Myhmanlar saçagyň başyna geçip oturanlaryndan soňra, nahar çekilipdir. Yzyndanam her kime bir gulaçdan uzyn bolmasa, kelte bolmadyk çemçe uzadylypdyr. Dana myhmanlara nahary diňe çemçäniň ujundan tutup iýmelidigini aýdypdyr.

Myhmanlar öňlerine goýlan nahary uzyn çemçeleriň ujyndan tutup iýmäge synanyşypdyrlar. Emma çemçe juda uzyn bolansoň, olar tabakdan alýan naharlaryny agyzlaryna ýetirip bilmän, dökän-saçan edipdirler. Şeýdibem, hemmesi aç turup gaýtmaly bolupdyrlar.

Onsoň, dana: «Indi bolsa, söýginiň nämedigine düşünýän adamlary çagyralyň» diýipdir. Şeýlelikde, ýüzleri nurana, gözleri mähirden bulduraýan birnäçe adam içerik giripdir. Olara-da edil ýaňkylara bolşy ýaly nahar çekilipdir, uzyn çemçeleriň ujundan tutup nahar iýmeklik buýrulypdyr. «Noş bolsun» diýlensoň, her kim çemçesi bilen nahary susup alypdyr-da, gabadyndaky oturana uzadypdyr. Olar şeýdip, biri-biriniň gabadynda oturana nahar iýdirip, garnyny doýrupdyrlar. Soňunda-da töwir galdyryp, saçakdan turupdyrlar.

Şonda dana ýanyndakylara şeýle diýipdir: «Ine, kimde-kim bu dünýäde özünden başga adam görmän, diňe özüni alada edip ýaşasa, ol hökman aç galar. Eger kimde-kim özgäniň garnyny doýurmalydygyny bilip ýaşasa, ony hem hökman biri gelip doýrar. Dünýä bazarynda elmydama alan däl-de, berýän utýandyr»

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s