Eşegiň kölegesi

Günlerde bir gün grek pelsepeçisi Demosfen Afinyde köpçüligiň üýşen ýerinde halka öwüt-ündew etmek üçin kürsä çykypdyr welin, adamlar uly gykylyk edip, ony diňlemek islemeýändiklerini aýdypdyrlar. Şonda Demosfen:

– Maňa kelam söz aýtmaga rugsat beriň – diýipdir-de, şeýle hekaýaty gürrüň bermäge başlapdyr:

– Bir wagtlar bir ýaş ýigit Afinyden Megara şäherine gider ýaly kireýine bir eşek alypdyr. Eşegiň eýesiniň hem şol şäherde iş bolansoň, olaryň ikisi bilen ýola düşüpdirler. Olar ondan-münden gürrüň edip baryşlaryna gün öýlä sanypdyr. Onsoň, olar bir çeşmäniň başynda günortanlyk edinmek üçin düşläpdirler. Golaý-goltumda saýasynda saýalar ýaly hiç zat bolmansoň, eşegiň eýesi eşegiň kölegesine geçip oturypdyr.

Eşegi kireýine alan ýaňky ýaş ýigidiň muny görüp gahary depesine urupdyr. Ol eşegiň eýesine:

– Hany tur şu ýerden, bu ýerde men oturjak – diýipdir.

Eşegiň eýesi: «Eşek meňki dälmi, otursam oturypdyryn-da» diýipdir welin, ýigidem: «Dogry ýöne ol şu wagt meniň kireýine alan ulagym» diýip, öz diýenine tutupdyr. Onsoň, eşegiň eýesem: «Men eşegi kireýine berdim, kölegesini beremok» diýip tutupdyr. Şeýdip olar biri-biri bilen ýakalaşyp ugrapdyrlar.

Demosfen hekaýanyň şu ýerine ýetende kürsüden inipdir. Adamlar: «Onsoň näme boldy, yzyna aýt ahyry» diýip, ýerli-ýerden gygyryp ugrapdyrlar. Şonda Demosfen ýaňadan kürsä çykyp şeýle diýipdir:

Eý, halaýyk! Size öwüt-ündew etmek üçin birki agyz söz aýdaýyn diýdim welin, baryňyz garşy bolduňyz. Indi bolsa, näme üçin ala-böle bir eşegiň kölegesiniň sizi beýle gyzyklandyrýadygyna men-ä düşünýän däldirin.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s