Ammardaky syçandan meşhur multfilm personažy

Disneý 1901-nji ýylda ABŞ-yň Çikago şäherinde garyp maşgalada dogulýar. Kakasynyň ýarawsyzlygy sebäpli ol oglanlykdan gara zähmete werdiş bolýar. Belli bir käri bolmansoň, tapan işinde işleýär. Wagtyň geçmegi bilen Disneýiň kakasynyň ýagdaýy hasam agyrlaşýar. Bejergi almaga pullary bolman kakasy ir aradan çykýar. Disneý munuň üçin köp ýyllap özüni günäkärläp gezýär.

Günlerde bir gün Disneý bildirişleriň üsti bilen mugt suratkeşlik okuwyna ýazylýar. Şeýdibem özüniň suratkeşlik ukybyny ösdürmäge başlaýar.

Disneý bagtyny synap görmek üçin «Golliwuda» birnäçe gezek surat çekip eltýär. Ýöne onuň synanyşyklarynyň bary şowsuz bolýar. Disneýiň entegem meniňki bolsun diýer ýaly günü ýok eken. Ine jübüsinde it uwlaýan şeýle günleriň birinde onuň durmuşyny bütinleý üýtgetjek bir waka bolup geçýär. Disneý garawul bolup işleýän ammarynda bir gije kindiwanja syçanjyk bilen dostlaşýar. Syçanyň öňüne çörek oklap, onuň çörek iýşini synlaýar. Şol syçanyň tansa çalymdaş geň-taň hereketler etmegi Disneýiň kellesinde ajaýyp bir pikiriň döremegine sebäp bolýar. Ol şol gije oturyp, ýaňky syçanjygyň suratyny çekýär… Dünýä çagalarynyň iň söýgüli multfilm personažy «Mikki Maus» şol gijä dünýä inýär. Şeýdip, Walt Disney dünýä belli, baý adam bolýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s