Alfred Nobel

Alfred 1833-nji ýylda garyp maşgalada dogulýar. Onuň maşgalasy karz-kowal edip, iýjek çöregini hem zordan tapar eken. Hut şonuň üçin Alfrediň we onuň doganlarynyň üçüsiniňem çagalygy dürli ýerlerde geçýär. Alfrediň kakasy işlemek üçin Russiýa gidip, bäş ýyl soň çagalaryny ýanyna getirýär. Emma şol ýerde-de Alfrediň kakasynyň işi rowaç alman, edeni bergi göreni görgi bolýar. Şeýlelikde olar Stokgolma gaýdyp gelýärler. Şol wagt Alfred eýýäm uly oglan eken. Onuň fizika we himiýa ylymlary babatynda ukyplary ýaňy ýüze çykyp başlapdyr. Alfred ýigrimi sekiz ýaşyna ýetende özüne çaklaňja bir himiki tejribehana edinýär. Ol şol ýerde irginsiz tejribe geçirmegini dowam etdirýär.

Şol döwürler kömür ýa-da beýleki magdanlaryň gazlyp alynmagynda, dag ýerlerinde tunneleriň açylmagynda hem-de köprüleriň gurulmagynda äpet harsaň daşlar uly päsgelçilik bolup durýar eken. Şonuň üçin Alfred dinamit oýlap tapmagyň üstünde işleýär. Hatda tejribeleriniň birinde onuň terjibehanasy partlap, doganynyň ömür tanapy gyrylýar. Ýöne ol şonda-da tejribe geçirmegini dowam etdirýär. Dürli kynçylyklary başyndan geçirenden soň, ahyrsoňy maksadyna ýetýär. 1865-nji ýylda Alfrediň ady eýýäm dinamiti oýlap tapyjy hökmünde bütin Ýewropada tanalyp ugraýar. Onuň maşgalasy derrew baýaýar. Olaryň şöhraty hem-de öndürýän dinamitleri Ýewropa ýaýrap başlaýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s