
Bir gün bir daýhan ogly bilen bile fermada işläp ýörkä ýanlaryna bir at gelipdir. Atyň endamynda tagma bolmansoň, daýhan öz ýanyndan «Bu at gaty uzakdan gelen däldir, eýesi baş öwretjek bolanda gaçandyr» diýip pikir edipdir. Onsoň, daýhan atyň üstüne münüpdir. Ogly hem başga bir ata atlanyp, olaryň yzyna düşüpdir.
At fermadan çykyp, ýol bilen maýdalyna ýöräberipdir. Soňra ýoluň gyrasynda kiçiräk bir köl görnüpdir welin, at suw içmek üçin ýoldan çykyp, köle garşy eňipdir. Suwdan ganansoň, daýhan ony sürüp ýene ýola eltipdir.
Birsalym ýöränlerinden soň at ajygypdyr. Ol ýoluň ilersinde ösüp oturan maýsalygy görüp, şol tarapa eňipdir. At garnyny doýransoň, daýhan ony sürüp ýene ýola eltipdir. Şeýdip at birnäçe gezek ýoldan sowlan hem bolsa, daýhana ony sürüp ýene ýola eltmek kyn düşmändir. Onsoň, olar ahyry gijara bir fermanyň üstünden barypdyrlar. Fermanyň eýesi öz atyny tanap ör-gökden gelipdir. Ol daýhanyň golaýyna baryp:
– Bu at meniňki. Ýöne geň galaýmaly, siz meni nädip tapdyňyz? – diýip sorapdyr. Daýhan atyň üstünde oturan ýerinden, oňa şeýle diýipdir:
– Men tapmadym. Atyň özi tapdy. Men diňe ony sürüp ýola eltdim.