Paraşýutlarymyz

Çarli Plamb Wýetnam söweşine gatnaşan amerikan harby uçarmany. Ol duşmana howadan edilýän hüjümleriň ýetmiş bäşisine gatnaşypdyr. Iň soňky hüjümde bolsa, uçaryna raket degipdir. Uçar ot alyp aşak gaýdyp ugranyndan ol zyňylýan tutawajy çekip, uçardan böküpdir. Paraşýudy açylyp, başy bitin ýere gonan hem bolsa, duşman ony ele salypdyr. Plamb alty ýyllap Wýetnamda tussaglykda bolýar. Ahyrynda ähli kynçylyklary yzda galdyryp, ýesirlikden boşap, öýüne dolanýar.  

Häzirki günde bolsa Plamb seminarlar geçirmek arkaly özüniň durmuş tejribelerini diňleýjiler bilen paýlaşýar.

Bir gün Plamb bilen aýaly ikisi restoranda otyrkalar, beýleki stolda oturanlaryň biri olaryň ýanlaryna gelip şeýle diýýär:

– Seni tanadym. Sen Plamb bolmaly. Sen «Kitti-Hok» harby gämisinden reaktiw uçarda Wýetnama uçanlaryň biri. Wýetnamda uçaryňa raketa degipdi.

– Ynanar ýaly däl. Ýok, bu mümkin däl. Sen bu zatlary nireden bilýäň? – diýip, Plamb geň galyp soraýar.

– Men gaty gowy bilýärin. Sebäbi seniň paraşýutyňy iň soňky gezek men taýynlapdym.

Plamb hormat bilen ýerinden turýar-da, baryp ony gujaklaýar.

– Paraşýut açylman heläk eden däldir-ä – diýip, ýaňky adam Plambdan soraýar. Plamb oňa:

– Açylmadyk bolanda, häzir şu ýerde seniň bilen gepleşip durup bilmezdim ahyry – diýip jogap berýär.

Plamb şol gije uklap bilmeýär. Ýaňky adam barada köp pikir edýär. Harby-deňiz güýçlerinde gulluk edýärkä, onuň daş keşbi nähilidikä? Kime meňzeýärdikä? Başgaplary ak, şarflary göm-gök, penjekleriniň düwmeleri ýaldyrawuk ýüzlerçe harby deňizçiniň haýsy biri onuň ýadynda galsyn diýsene? Kim bilýär, belkem, her gün irden onuň bilen pete-pet gelibem, «Esger gowumy ýagdaýlaryň?» diýmeg-ä beýlede dursun, «Ertiriň haýyrly bolsun» diýen sözi hem oňa aýdan däl bolmagy ahmaldy. Sebäbi Plamb harby uçarmandy, beýleki bolsa adaty harby deňizçidi.

Şol harby deňizçi kim bilýär, nijeme sagatlap iş edinip, gäminiň garaňky angaryndaky agaç sekiniň üstünde çolaşyp ýatan giden ýüpleri hem-de giden matalary edil hirurgyň operasiýada serasaply bolşy ýaly usullyk bilen epleşdirip, paraşýutlary taýynlandyr?! Kim bilýär, ol nijeme gezek öz eli bilen özgäniň ykbalyny «sarandyr». Kim bilýär, şol eller gör, näçe sapar özgäniň ömür tanapynyň gyrylmagynyň öňüni alandyr. Üstesine, olar kimleri halas edendiklerini hem bilmeýärdiler.

Plamb özüniň geçirýän seminarlarynda her gezek diňleýjilere:

Siziň paraşýutyňyzy kim taýynlaýar? Her kimiň daşynda onuň durmuşyny ýeňilleşdirýän hem-de durmuşynyň manysyny artdyrýan adamlar hökman bardyr. Siziň paraşýutyňyzy kim taýynlaýar? – diýip soraýar we sözüniň üstüni ýetirýär: – Galyberse, duşmana ýesir düşenimde, meniň ýanymda birentek paraşýutym bardy. Fiziki paraşýutym, zehin paraşýutym, duýgy paraşýutym we ruhy paraşýutym meniň ýanymdady. Şu paraşýutlaryň delalaty ýetmedik bolsady, men asla diri galyp bilmezdim.

Käte biz gündelik durmuşyň aladalary bilen gümra bolup ýörşümize nämäniň has möhümdigini ýatdan çykarýarys. Biziň üçin peýdaly iş edenlere salam bermegi, hoş söz aýdyp olaryň göwnüni götermegi ýatdan çykarýarys. Aslynda welin biziň aýtmagy unudýan şol ýönekeýje sözlerimiz olar üçin gymmatly bolşy ýaly, biziň üçin hem gymmatly bolmaly. Edilen ýagşylygy bilmeli. Biz özümize edilen ýagşylygy bilýärismi? Ömrümize ömür goşýan adamlary tanaýarysmy? Olaryň edýän ýagyşylyklaryny ýerine salyp bilýärismi? Iň bolmanda, söz bilen olara minnetdarlygymyzy bildirip bilýärismi? Ynha, şular bizi hakyky ynsan edýän zatlar şular. Şu hepde, şu aý, şu ýyl tamamlanmaka, haýyş edýärin, sizem, paraşýutyňyzy taýynlaýanlara iň bolmanda sagbolsun aýtmagy unutmaň. Beýlekileriň paraşýudyny hem siz taýynlaň we olaryň ömrüne ömür goşmaga çalşyň!

Ýatdan çykarmaň! Her kimiň hökman paraşýut ulanmaly güni geler. Bu gün bolmasa ertir, garaz, hökman bir gün paraşýudymyzy ulanmaly bolarys.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s