Iki sowal

Dana: «Iki sowalymyz bar, sorasak bolarmy?» diýipdirler. Dana: «Soraň» diýipdir. Birinji sowaly sorapdyrlar:

– Adamlaryň haýsy hereketi sizi has köp geň galdyrýar?

Dana:

– Hemme hereketi – diýip jogap beripdir-de, sanap ugrapdyr:

– Çagalyk adamlaryň ýüregine düşýär. Olar çaltrak ulalmak isleýär. Emma ulalansoňlaram çagalyga dolanyp bolsady diýip ahmyr edýärler.

Adamlar pul gazanjak bolup saglygyny ýitirýärler. Soňundan bolsa saglygyny dikeltjek bolup, bar gazananjasyny harçlaýarlar.

Adamlar ertiri alada edip şugün ýatdan çykarýarlar. Şonuň üçin hem ne şugüniň, ne-de ertiriň hözirini görüp bilýärler.

Adamlar özlerini ölmejek ýaly alyp barýarlar. Emma welin hiç hili ýaşamadyk ýaly bolubam ölüp gidýärler.

Onsoň, ikinji sowal soralypdyr:

– Ýeri siz adamlara näme maslahat berýärsiňiz?

Dana eglenmän jogap beripdir:

– Hiç kime özüňizi söýdürjek bolmaň. Siziň etmeli ýekeje zadyňyz bar, sizi söýjeklere söýmäge ýol beriň, boldy.

Ikinjiden, durmuşda köp zada eýe bolmak esasy baýlyk däldir. Esasy baýlyk juda az zada mätäçlik çekmekdir.   

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s