Çyrlawuk

Günlerde bir gün Nýu-Ýorkda bir ýerde bile işleýän ýoldaşlar günortanlyk edinmek üçin arakesmä çykypdyrlar. Olaryň biri indeý eken. Ýoldaşlar şäheriň goh-galmagally köçeleriniň birinden ýöräp barýarkalar ýaňky indeý birdenkä çyrlawugyň sesini eşidýändigini aýdyp säginipdir-de, diňşirgenip durupdyr.

Indeýiň ýoldaşlary şäheriň adamdyr ulaglardan ýaňa wag berýän köçelerinde çyrlawugyň sesini eşidip boljagyny asyl oýlaryna-da getirmändirler. Şonuň üçin çyrlawugyň sesi onuň gulagyna eşidiläýendir öýdüp, saklanman ýöräberipdirler. Indeý welin yzda galyp, çyny bilen çyrlawugy gözlemäge başlapdyr. Ýoldaşlarynyň biri hem indeýiň çyrlawugy tapjagyna ynanmasa-da, yza galyp, indeýi synlamaga durupdyr. Indeý ýoluň beýleki tarapyna geçipdir. Ýoldaşy hem onuň yzy bilen garama-gara ýöräberipdir. Soňra indeý jaýyň düýbünde ösüp oturan bir çogdam otuň arasyndan bir çyrlawugy tapyp çykarypdyr.

Ýoldaşy muňa haýran galypdyr. Ol indeýe: «Sende üýtgeşik bir ukyp bar. Sen çyrlawugyň sesini nädip eşitdiň?» diýip sorapdyr. Indeý oňa: «Bu ýerde üýtgeşik ukyp gerek däl. Seret, men saňa bir zat görkezeýin» diýip, jübüsinden köpük çykaraga-da, ýanýoda tarap tigirläp goýberipdir. Şonda ýanýodadan ýöräp barýanlaryň bary diýen ýaly jübülerinden şaýlyk pul gaçandyr öýdüp, sesiň eşidilýän tarapyna seredipdirler. Onsoň, indeý ýoldaşyna şeýle diýipdir:

 – Gördüňmi? Iň esasy zat seniň nämä ähmiýet berýänligiň, nämäni has gymmatly hasap edýänligiň. Şoňa görä-de, hemme zady eşidersiňem, görersiňem, duýarsyňam.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s