Sokratyň üç elegi

Bir gün bir adam Sokratyň ýanyna gelip: «Pylany barada näme eşidenimi aýdaýynmy?» diýipdir. Sokrat oňa: «Biraz tagapyl et» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir: «Maňa kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zatlaryň üç elekden geçip bilermikä? Barlap görelimi?»

Ýaňky adam bilesigelijilik bilen: «Üç elek diýýän zadyň näme bolýar?» diýip sorapdyr. Şunlukda Sokrat «sorag sorap, soragyň jogabyny soranyň özüne aýtdyrma» tilsimini ulanmaga başlapdyr:

 – Hawa. Kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zadyň eger üç elekden geçip biljek bolsa, maňa aýdyber, ýogsa aýtma. «Üç elek» diýýänimiň birinjisi «Hakykat» elegi. Maňa häzir aýtmakçy bolýaň zadyň hakykatdan hem bolan zatmy?

– Onçasyny bilemok, men ýöne eşidenimi aýdaýjakdym.

– Hä, düşnükli, diýmek sen şony anyk bileňok-da. Gel onda, aýtmakçy bolýan zadyň ikinji elekden geçip-geçmejegini barlap göreli. Ikinji elek «Ýagşylyk» elegi. Pylany barada maňa aýtmakçy bolýan zatlaryň gowy zatlarmy?

– Ýok, gowy däl, gaýtam, erbet zatlar.

– Hä, düşnükli, diýmek sen maňa ol barada erbet zatlar aýtmakçy ekeniň-dä. Üstesine, şol erbet zatlaryň çyndygynam, däldiginem bileňok. Ýeri bolýa-da, seniň aýtmakçy bolýan zatlaryň soňky elekden bir geçermikä? Şonam bir barlap göreli! Üçünji elek «Peýdalylyk» elegi. Pylany barada aýtjak zatlaryň maňa peýdasy barmy?

– Peýdasy ýok.

– Hä, düşnükli. Eger maňa aýtakçy bolýan zadyň çyndygyny ýa däldigini anyk bilmeýän bolsaň, üstesine-de, onuň maňa peýdasy degmejek bolsa, maňa aýdyp oturmagyň näme hajaty bar?!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s