Ýagtylyk

Bir dana şägirtleri bilen çölde otyr eken. Ol şägirtlerinden:

– Gije bilen gündizi nädip biri-birinden tapawutlandyryp bolar? Nireden soň gije, nireden soň gündiz başlanýar – diýip sorapdyr.

Şägirtleriniň biri:

– Uzakdan sürä serederin. Eger mallaryň goýunmy ýa geçidigi saýgartmaýan bolsa, agşam düşenligidir – diýip jogap beripdir.

Ýene bir şägirdi:

– Injir agajy bilen zeýtun agajyny biri-birinden tapawutlandyryp bilýän bolsam, onda jahanyň ýagtyldygydyr – diýip jogap beripdir. Olaryň jogabyny diňläp oturan dana esli wagtlap dymypdyr. Şägirtleri ondan nämäniň pikirini edýändigini sorapdyrlar. Dana şeýle jogap beripdir:

Ýöräp barýarkam öňümden bir zenan maşgala çyksa, daş keşbiniň nähilidigini takyklajak bolup durman oňa «uýam» diýip bilsem, şeýle hem ýene ýöräp barýarkam öňümden bir erkek adam çyksa, garyplygyna ýa-da baýlygyna seretmän oňa «doganym» diýip bilsem, şonda daň atanlygydyr, älemiň ýagtyldygydyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s