
Bir wagtlar bir ýurduň soltany özüniň zergärlerine gaty üýtgeşik ýüzük ýasamagy buýrupdyr. Şol ýüzük şeýle üýtgeşik bolmalymyş welin, soltan gussa batyp oturan bolsa, şoňa seredende göwni galkynmalymyş. Edil şonuň ýaly, keýpi kök bolan wagty hem, şoňa seredende şady-horramlykdan el çekmelimiş. Garaz, soltanyň isleýän ýüzügini hiç kim ýasap bilmändir. Onsoň, soltanyň wezirleri bir derwüşiň gapysyna kömek sorap barypdyrlar. Derwüş hem soltanyň zergärlerine hat ýazyp, olara nähili ýüzük ýasamalydygyny düşündiripdir. Şeýlelikde, ýüzük ýasalyp, soltana görkezilipdir. Soltan birbada bu ýüzügiň adaty ýüzüklerden näme tapawudynyň bardygyna düşünip bilmändir. Emma siňe syn etse, ýüzügiň gaşynda bir söz ýazylan eken. Şol ýazylan söz soltana örän täsir edipdir, ony köp zatlar barada oýlanmaga iteripdir. Soltan tüýs öz diýýän ýüzügine gowşandygyna çyny bilen begenipdir.
Ýüzügiň gaşynda «Bu-da geçer» diýen ýazgy bar eken.