
Şägirtleriň biri halypasyndan:
– Halypa, siz näme üçin sazy beýle gowy görýärsiňiz? – diýip sorapdyr.
Halypasy oňa şeýle jogap beripdir:
– Sebäbi saz meniň üçin jennetiň gapylarynyň jygyldysydyr.
Şägirt halypasynyň içini ýakjak bolup:
– Men-ä jygyldaýan gapylary halamok – diýipdir. Onsoň, halypasy oňa şeýle jogap beripdir:
– Sebäbi sen jennetiň gapylarynyň jygyldysyny diňe ýapylanda eşidýärsiň. Men bolsa, şol gapylaryň jygyldysyny açylanda eşidýärin.